Hytaýda täsin toý boldy: Ekiz doganlar ekiz uýalar bilen durmuş gurdy. Toýa olaryň ekiz daýylary hem gatnaşdy

  • 22.01.2026 15:25
  • 23k+

Hytaýda adaty bolmadyk bir toý dabarasy geçirildi: Sun familiýaly ekiz erkek doganlar Şan familiýaly ekiz uýalar bilen durmuş gurdular. Emma täsinlik diňe munuň bilen çäklenmedi — toýda ýaş çatynjalaryň her biriniň ekiz daýylary hem bar bolup çykdy. Olar hem dabaranyň esasy myhmanlary boldy. Bu barada South China Morning Post gazeti habar berýär.

Dört jübüt ekiziň bilelikde düşen toý suraty internet äleminde çalt ýaýrady we 10 milliondan gowrak tomaşa toplady. Täsin tarapy bolsa, ýaş çatynjalaryň özleri hem gaýyn taraplarynda ekiz daýylaryň bardygyny diňe toý güni bilip galdylar.
Dabaranyň alypbaryjysy bu wakany hakyky «gudrat» diýip atlandyrdy. Ýerli ýaşaýjylaryň biri bolsa: "Men 60 ýyldan gowrak ýaşadym, ýöne hiç haçan şeýle zady görmändim" diýip, öz haýranlygyny bildirdi.
Ýaş çatynjalaryň iki jübüti hem takmynan 20 ýaşlarynda bolup, olar Hytaýyň merkezindäki Fuýan şäherinden. Iki maşgala biri-birine golaý ýaşaýar. Olaryň ene-atalary mundan 20 ýyl ozal tanşan bolsalar-da, ýaşlar 2022-nji ýyla çenli birek-birek bilen ýakyndan gatnaşmandyrlar. Olary sawçy tanyşdyrypdyr.
Gyzlar başda özlerini durmuş gurmak üçin gaty ýaş hasaplan hem bolsalar, wagtyň geçmegi bilen ekiz doganlaryň teklibini kabul edipdirler.
Indi bolsa ýaş çatynjalar bir maşgalada birbada dört jübüt ekiztaýlynyň bolmagy boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna arza tabşyrmagy meýilleşdirýärler.


11.06.2026 14:01
7.4k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.6k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......