Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

  • 14.02.2026 18:43
  • 1.5k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär.

Maglumatlara görä, kompaniýanyň iş depgini takmynan iki hepde töweregi haýallap, bu döwür 17-nji fewraldan 3-nji marta çenli dowam eder. Bu aralykda HyperOS-yň täze wersiýalary çykarylmaz. Ulgamyň içerki barlag (beta) wersiýalarynyň üstünde işlemek hem wagtlaýynça duruzyldy.
Ýüze çykan kemçilikler baradaky hasabatlary kabul etmek we işiň gidişi baradaky habarlary çap etmek hem arakesme döwründe togtadylyp goýuldy.
Ýakyn günlerde HyperOS ulanyjylaryna täze funksiýalaryň ýa-da ulgamdaky ýalňyşlyklaryň (baglaryň) düzedilmeleriniň gelmegine garaşylmaýar. Häzirki wagtda käbir ulanyjylara gelip gowuşýan täzelenmeler bolsa, baýramçylyk arakesmesinden birnäçe hepde öň, öňünden taýýarlanan programma üpjünçilikleridir.
XiaomiTime-yň bellemegine görä, işleriň haýallamagy eýýäm birnäçe gün mundan ozal başlady. Içerki synag nusgalarynyň üstündäki işler bolsa 4-5 gün ozal doly diýen ýaly bes edildi.


düýn 08:04
7.7k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......

27.05.2026 10:41
3.1k+

Hytaýda garry adamlaryň sany ilkinji gezek çagalaryň sanyndan geçdi

Hytaýda 65 ýaşdan uly bolan ýaşaýjylaryň sany 1949-njy ýylda demografik statistika ýöredilip başlanany bäri ilkinji gezek 14 ýaşdan kiçi bolan çagalaryň sanyndan geçdi. Bu barada «South China Morning Post»......