Hytaýda gumanoid robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji liga döredildi: baş baýrak – 1,44 mln dollar

  • 13.02.2026 18:03
  • 3.8k+

Hytaýyň Şençžen şäherinde adam şekilli robotlaryň söweşi boýunça dünýäde ilkinji mugt liganyň – Ultimate Robot Knockout Legend (UKRL) ligasynyň işe girizilendigi yglan edildi. Ýaryşlara ýörite söweşler üçin işlenip düzülen EngineAI kompaniýasynyň T800 modelleri gatnaşýar. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär.
Ýaryş köp derejeli ulgam boýunça guralyp, 2026-njy ýylyň dekabr aýyna çenli dowam eder. Ýeňiji bahasy 1,44 million dollar bolan altyn çempionlyk guşagyny alar.
Öndüriji T800 robotlaryny gatnaşyjylara mugt berýär. Bu robotlar gapdaldan aýak urgularyny ýerine ýetirmäge, 360 gradus öwrülmäge ukyply bolup, gaty litiý-ion batareýasynyň we aýak şarnirleriniň işjeň sowadyş ulgamynyň netijesinde dört sagada çenli işläp bilýär. Lidar we kameralar bilen köpugurly sensor ulgamy robota ugruny tapmaga we päsgelçiliklerden sowa geçmäge kömek edýär. Ýokary öndürijilikli hereketlendirijiler bolsa 450 Nm çenli aýlanma güýjüni üpjün edýär.
Hünärmenleriň bellemegine görä, bu liga Hytaýyň tehnologik gazananlaryny görkezýär we jemgyýetiň gumanoid robotlar baradaky düşünjesini artdyrýar. Mundan başga-da, ýaryşlar robotlary hakyky şertlerde barlamaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa tehnologiýalary işläp taýýarlamagyň möhletini 30%-den gowrak gysgaltmaga we barlaghana simulýasiýalaryny synagdan geçirmegi çaltlandyrmaga ýardam edýär. Söweşleriň dowamynda robotlaryň hereketleri, dinamiki deňagramlylygy we urga durnuklylygy gözegçilikde saklanar.


düýn 23:26
808

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......