Hytaý ilkinji gezek kosmosda metal şaýlary çap etdi

  • 29.01.2026 07:04
  • 2.1k+

Hytaý öz taryhynda ilkinji gezek metal şaýlary göni kosmosda 3D çap etmek boýunça synag geçirdi. Barlag işleri köp gezek ulanylýan «Lihun-1» (Y1) kosmos gämisiniň bortunda, Ýerden dolandyrylmazdan, doly özbaşdak ýagdaýda amala aşyryldy.
Synag 12-nji ýanwarda suborbital uçuş wagtynda geçirildi, emma bu barada diňe häzir habar berildi. Enjam Karman çygryny kesip geçenden soň, takmynan 120 kilometr belentlige galdy. Şol pursatda 3D-çap ediş ulgamy mikrograwitasiýa (agyrlyk güýjüniň örän pesligi) şertlerinde işläp başlady. Hytaýyň Ylymlar akademiýasynyň Mehanika instituty tarapyndan işlenip düzülen enjam, gäminiň bortunda metal komponentleri özbaşdak taýýarlady.
Agramsyzlyk şertlerinde metal çap etmek tehnologiýasyna geljekde enjamlary bejermek, gurluşlary kämilleşdirmek we göni orbitada täze elementleri döretmek üçin ulanyljak usul hökmünde garalýar. Bu bolsa Ýerden şaýlary eltmek kyn bolan uzak möhletli kosmos missiýalary üçin örän ähmiýetlidir.
Synag tamamlanandan soň, kapsula paraşýutuň kömegi bilen üstünlikli ýere gondy we netijeleri seljermek üçin gysga wagtyň içinde barlagçylara gowşuryldy.


düýn 11:15
1.7k+

Xiaomi «Madrid» diýen wagtlaýyn at bilen täze telefon çykarmaga taýýarlanýar

Xiaomi kompaniýasynyň «Madrid» diýen gizlin atly täze smartfony ilkinji gezek halkara ykjam enjamlaryň (GSMA IMEI) maglumatlar gorunda peýda boldy. Bu ýagdaý täze telefonuň tiz wagtda satuwa çykaryljakdygynyň......

düýn 08:18
1.2k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

düýn 07:37
2.4k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 12:29
1.2k+

Suwasty robotlar suwuň astynda lazer şöhleleri arkaly zarýadlanylar

Amerikanyň NUBURU kompaniýasy we Italiýanyň SunCubes kompaniýasy lazerleriň kömegi bilen suwuň astynda simsiz energiýa geçiriji ulgamy işläp taýýarlap başladylar. Ol awtonom suwasty enjamlary, datçikleri we......