Bolmaz, bolsa-da arzan bolmaz: Maskyň million robotly arzuwy paşmajaga meňzeýär

  • 05.02.2026 23:52
  • 6.7k+

Tesla kompaniýasy ýylda bir milliona çenli adam şekilli Optimus robotlaryny göni Frimontdaky zawodynda işläp düzmegi meýilleşdirýärdi. Emma robotyň tas ähli zerur şaýlarynyň Hytaýda öndürilýändigi bu süýji arzuwy, näler islemese-de, ony ajy hakykatyň ýüzüne bakmaga mejbur etdi.
Morgan Stanley-iň seljerijileriniň hasaplamalaryna görä, eger Mask hytaý kärhanalarynyň hyzmatyndan ýüz öwürse, robotyň bahasy 46 müň dollardan 131 müň dollara çenli galar. Ol bolsa, robotyň bahasynyň takmynan 20 müň dollar töweregi boljakdygyny eýýäm wada beripdi.
Hytaý tarap öndürijini diňe bir şaýlary — priwodlar, motorlar, reduktorlar, görüş ulgamlary üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem ýeňillikleri, subsidiýalary we ylmy-barlag goldawlaryny hem berýärler. ABŞ-da bolsa roboty diňe düzmek işleri geçirilýär. Tesla hatda Apple-den mysal alyp, hytaý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk zynjyryny-da gurupdy.
Robot bazary gitdigiçe «amerikan beýnisi» we «hytaý bedeni» diýen iki bölege bölünip barýar. Has takygy, ABŞ fizikany düşünmäge ukyply bolan intellekti döredýär, Hytaý bolsa elýeterli komponentleri we ýygnama işlerini üpjün edýär.


03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....