Dünýäde ilkinji: Huawei we Midea otagdaky kömürturşy gazynyň derejesini sazlamaga ukyply kondisionerleri döretdiler

  • 17.05.2026 20:04
  • 2.6k+

«Midea» we «Huawei» kompaniýalary Hytaýda dünýäde ilkinji HarmonyOS operasion ulgamynda işleýän akylly kondisionerleri tanyşdyrdylar. Bu enjamlar otagdaky kömürturşy gazynyň (CO2) derejesini awtomat usulda sazlamaga ukyplydyr.

Akylly öý ekoulgamyna doly integrasiýa bolandygy sebäpli, bu enjamlar hatda penjireler ýapyk wagtynda-da sagdyn uky üçin arassa howanyň gelmegini üpjün edýär. «Dual 37» tehnologiýasy enjamyň örän sessiz işlemegini we howanyň çalt çalşylmagyny kepillendirse, içine gurlan ýörite CO2 datçigi hakyky wagt tertibinde kömürturşy gazynyň mukdaryny 1000 ppm-den pes derejede saklaýar.

Şeýle hem, hyzmatdaşlar täze wentilýasiýa ulgamlaryny hödürlediler we geljekde çipleri hem-de akylly öý ulgamlaryny döretmekde hyzmatdaşlygy giňeltjekdiklerini tassykladylar. Täze kondisionerler eýýäm «Huawei-iň» resmi dükanlarynda satylyp başlandy.

Täze modeller we bahalar:

  • Midea Air Conditioner Pro: Bahasy 5399 ýuan (takmynan $795).
  • Midea All-in-One Wind Pro: Bahasy 7699 ýuan (takmynan $1130).

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......

14.06.2026 11:23
3.8k+

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......