Mämişi — üstünligiň öwüşgini: iPhone-yň Hytaýdaky satuwynyň «uçmagyny» täze reňkden görýärler

  • 08.02.2026 19:04
  • 4.3k+

Bilermenler Hytaýda täze iPhone 17 telefonlaryna bolan uly hyrydarlygy enjamyň «kosmik mämişi» (cosmic orange) atly täze reňkdäki görnüşiniň peýda bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Bu marketing göçüm, Hytaý häkimiýetleriniň smartfonyň täze emeli aň funksiýalaryny ulanmaga rugsat bermändigine garamazdan, Apple-e söwdasyny artdyrmaga mümkinçilik berdi.
Financial Times neşiriniň belleýşi ýaly, hytaý medeniýetinde mämişi reňk bagt, bereket we üstünlik getirýän reňk saýylýar. Şonuň ýaly-da ol bolçulygy, güýzi we energiýany alamatlandyrýar. Mundan başga-da, hytaý dilinde «mämişi» (橙色, chéng sè) we «üstünlik» (成, chéng) sözleri fonetik taýdan meňzeş eşidilýär. Neşir bu babatda ulanyjylaryň: «Goý, ähli arzuwlaryňyz mämişi bolsun!», «Goý, mämişi üstünlik şol bada gelsin!» diýen ýaly teswirlerini mysal getirýär.
Täze dizaýn sosial ulgamlarda çalt meşhurlyk gazandy. Fransuz lýuks brendi Hermès-iň önümlerine meňzeşligi sebäpli, oňa «Hermès mämişi» diýen at hem berildi.
Mundan ozal Hytaý bazary Apple üçin bökdençlik döredýärdi.  Üç ýylyň dowamynda söwda peselip, Huawei, Vivo we Xiaomi tarapyndan bäsdeşlik şonça ýokarlandy. Täze reňkdäki iPhone 17-niň çykmagy bilen ýagdaý düýpgöter üýtgedi. 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde söwda geçen ýyl bilen deňeşdirilende 38% ýokarlandy we kompaniýanyň umumy girdejisiniň tas bäşden bir bölegine ýetdi.
Hytaýdaky islegiň artmagy beýleki iri kompaniýalaryň görkezijileriniň peselýän wagtynda, soňky bir hepdede Apple-iň aksiýalarynyň bahasynyň 7% ýokarlanmagyna-da ýardam etdi.
Muňa goşmaça täsir hökmünde Huawei-iň awtoritetiniň gowşamagyny-da bellemek bolar. Maglumatlara görä, ulanyjylaryň HarmonyOS operasion ulgamynyň işinden edýän şikaýatlary sebäpli, kompaniýanyň söwdasy 2025-nji ýylyň soňky çärýeginde takmynan 10% peseldi.

 


11.06.2026 23:52
8.7k+

Hytaýda dünýäniň iň beýik minara krany guruldy

Hytaýyň Zoomlion kompaniýasy dünýäde iň beýik minara kran bolan LW3600-240NB-i döretdi. Bu tehnika örän beýik we agyr ýel generatorlaryny gurnamak üçin niýetlenilip, agramy 240 tonna çenli bolan ýükleri 241......

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

07.06.2026 20:08
5k+

Hytaý her bir adampisint roboty hasaba goýýar

Hytaýyň häkimiýetleri ähli adampisint robotlary hökmany suratda hasaba almagy we olaryň hersine üýtgeşik şahsy hasap belgisini bermegi göz öňünde tutýar....

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....