Hytaý Afrikanyň 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar

  • 15.02.2026 15:23
  • 5.7k+

Hytaý 1-nji maýdan başlap, Afrikanyň diplomatik gatnaşyklary ýola goýlan 53 ýurdundan gelýän harytlar üçin gümrük pajyny ýatyrar. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin mälim etdi.
TASS-yň maglumatyna görä, Hytaýyň lideri bu barada Aý senenamasy boýunça golaýlap gelýän täze «Gyzyl at ýyly» mynasybetli Afrika bileleşiginiň başlygy Žoau Lourensuwa we Afrika bileleşiginiň komissiýasynyň ýolbaşçysy Mahamud Ali Ýusufa ugradan gutlag telegrammasynda mälim etdi.
Resminamada Hytaý bazaryna iberilýän Afrika önümleriniň gümrük pajyny nola düşürmek baradaky karar barada aýdylýar. Si Szinpin şeýle hem Afrikadan gelýän harytlar üçin «ýaşyl geçelgäniň» işini kämilleşdirmek meýilleri barada-da nygtady.
Şeýle-de TASS-yň habarynda «Hytaýyň bu täze çäreleri... Afrikanyň ösmegi we Hytaý-Afrika modernizasiýa arzuwynyň amala aşyrylmagy üçin täze mümkinçilikleri döreder» — diýip, HHR-iň ýolbaşçysynyň sözleri  getirilýär.
HHR-iň Baş gümrük müdiriýetiniň maglumatyna görä, Hytaýyň Afrika ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2025-nji ýylda 17,7% ösüp, 348,05 milliard dollara ýetdi. Eksport 25,8% ösüp, 225,03 milliard dollara, import bolsa 5,4% ösüp, 123,02 milliard dollara ýetdi.


düýn 10:04
4.7k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 13:44
3.2k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......

10.06.2026 17:29
11k+

Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi: sebäbi näme?

Fransiýanyň Gawr şäherinde 38 müň jübüt sport aýakgaby ýok edildi. Bu aýakgaplar 2011-nji ýylda Hytaýdan satyn alnan üç konteýnerlik galp harytlardyr. 15 ýyllap dowam eden kazyýet dawasy sebäpli aýakgaplaryň......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......