Xiaomi YU7 dördünji çärýekde Hytaýda iň köp satylan krossower boldy

  • 23.01.2026 12:03
  • 1.7k+

Xiaomi YU7 krossoweri 2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde Hytaýda öz segmentinde (SUV) ähli bäsdeşlerinden öňe saýlanyp, satuwda birinji orny eýeledi.
Smartfon we beýleki elektronik enjamlaryň öndürijisi bu üstünligi awtoulag bazarynda örän gysga wagtyň içinde gazanmagy başardy. YU7 Xiaomi-niň edil beýle derejede meşhurlyk gazanmadyk SU7 sedanyndan soň öndüren ikinji modelidir.
Şeýle hem, geň galdyryjy zat, ulagy satyn alanlardan gelen arza-şikaýatlaryň derejesi 0,09% deň bolupdyr, bu bolsa pudakdaky ortaça görkezijiden görnetin pes.
Bu habar peýda bolan güne gabatlap, Xiaomi-niň baş direktory Leý Szýun krossoweri göni ýaýlymda söküp görkezdi. Bu adaty bolmadyk marketing usulyndan peýdalanmak bilen ol modeliň gurluşyna we tehniki çözgütlerine kompaniýanyň doly göwni ýetýändigini görkezdi.
Xiaomi YU7-niň ölçegleri 4999 x 1996 x 1608 mm, tigir bazasy bolsa 3000 mm. Esasy wersiýada yzky okda ýeke-täk V6s Plus elektrik hereketlendirijisi bar, onuň kuwwatlygy 320 at güýjüne barabar, aýlanma güýji
 – 528 Nm. Ol duran ýerinden 100 km/sag tizlige 5,88 sekuntda ýetýär. Batareýasynyň kuwwaty 96,3 kWt/sag, ýöreýiş ätiýaçlygy bolsa 835 km-e çenli.
Orta we ýokary derejeli wersiýalarynda degişlilikde 496 we 690 at güýjüni öndürýän iki elektrik hereketlendiriji işleýär. 100 km/sagat tizlige çykmak üçin olara degişlilikde 4,27 we 3,23 sekunt gerek, bir zarýadda geçýän ýoly  770 km we 760 km.


26.05.2026 16:04
2.3k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

21.05.2026 11:31
6k+

Kaşaň hytaý sedany Rolls-Royce-yň ýarty bahasy bilen oňa bäsdeşlik eder

Huawei we JAC kompaniýalaryna degişli bolan Maextro brendi özüniň flagman sedanynyň hakyky altyn çaýylan we ýörite dizaýnly Maextro S800 Grand Design atly aýratyn görnüşini tanyşdyrdy....

20.05.2026 11:31
1.8k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

19.05.2026 21:18
6.5k+

Hytaý awtomobilleri bir tigrini galdyryp, üçüsinde ýöremegi öwrendi

Hytaý awtoöndürijileri awtomobillere üç tigirde hereket etmäge we zeper ýeten tigri galdyrgyç (domkrat) ulanmazdan çalyşmaga mümkinçilik berýän işjeň asgy (podweska) ulgamlaryny ornaşdyrmaga başlady. Bu barada......