Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

  • 26.05.2026 16:04
  • 2.4k+

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi.

«Xiaomi YU7 Standard-yň» bazalaýyn wersiýasy 233 500 ýuandan (34 330 dollar), sport modifikasiýasy bolan «YU7 GT» bolsa 389 900 ýuandan (57 326 dollar) başlaýan bahalar bilen satuwa çykar.

YU7 Standard wersiýasy 100 km/s tizlikden 5,9 sekuntda geçýär we 220 km/s tizlige çenli ýetip bilýär. 73 kWt·sag kuwwatlylygyndaky akkumulýator 643 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Kompaniýanyň beýan etmegine görä, 15 minutlyk çalt zarýad bermek bilen ýol geçiş ätiýaçlygyny 385 kilometre çenli artdyrmak mümkin.

Şeýle hem, YU7 Standard üçin kuzowyň täze reňkleri — malina gyzyl, melewşe we çal reňkler goşuldy.

Xiaomi YU7 GT 1003 at güýjüne barabar bolan iki hereketlendirijili ulgam bilen enjamlaşdyrylandyr. Krossower 100 km/sag tizlige 2,92 sekuntda ýetýär, iň ýokary tizligi bolsa 300 km/sag-a barabardyr. Awtoulag 101,7 kWt·sag kuwwatlylygyndaky batareýa bilen enjamlaşdyrylyp, ol «CLTC» aýlawy boýunça 705 kilometre çenli ýol geçip bilýär.

YU7 seriýasy 16,1 dýuýmlyk merkezi displeý, täzelenen «XiaoAi AI» ses kömekçisi we «NVIDIA DRIVE AGX Thor» platformasyndaky sürüjä kömek berýän ulgam bilen enjamlaşdyryldy. Ähli wersiýalarda ses arkaly awtoulagy duralga goýmak funksiýasy bar.


düýn 20:03
2.8k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

düýn 10:41
1.8k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.3k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......