Hytaýda 1100-den gowrak toparyň gatnaşmagynda dünýäde iň uly «kwiddiç» ýaryşy geçirildi

  • 11.02.2026 14:50
  • 4.8k+

Hytaýyň Çendu şäherinde dron futboly boýunça Ablefly milli çempionatynyň final tapgyry tamamlandy. 7-9-njy fewral aralygynda howa menziliniň Halkara maslahat merkezinde geçirilen bu ýaryş öz gerimi boýunça dünýäde iň uly ýaryş boldy.
Merkezde Hytaýyň dürli sebitlerinden we daşary ýurtlardan gelen 1 116 topar jemlendi. Çärä, umuman, 10 000-den gowrak gatnaşyjy, meýletinçi we tomaşaçy ýygnandy.
Dron futboly, köplenç, Garri Potter baradaky kitaplar toplumyndaky «kwiddiç» oýny bilen deňeşdirilýär. Emma bu ýerde sübseleriň deregine — dolandyryş pultlary, toplaryň deregine bolsa — garşydaşyň derwezesinden geçirmeli bolan şar görnüşli dronlar ulanylýar. Munuň üçin takyk koordinirleme, çalt reaksiýa we uçuş enjamlaryny dolandyrmak başarnyklary talap edilýär.
Ýaryş olimpiýa ulgamy boýunça geçirildi. Oýunlar irden sagat 8:30-da başlap, agşam 20:00-a çenli dowam etdi. Üç günüň dowamynda ýüzlerçe duşuşyk guraldy. Düzgünleriň berjaý edilmegine we howpsuzlyga 242 sany şahadatnamalaşdyrylan emin gözegçilik etdi.Çempionaty Çendu şäheriniň Halk hökümeti we Hytaýyň aeronawtika jemgyýeti, şäher düzümleriniň hem-de pudaklaýyn hyzmatdaşlaryň goldawy bilen gurnady. Ýaryşa esasan talyplar, ýaş inženerler we tehnologik höwesjeňler gatnaşdy. Duşuşyklary geçirmäge we tehniki goldawy üpjün etmäge uniwersitetleriň 200-den gowrak meýletinçisi kömek berdi.
Guramaçylaryň pikiriçe, ýaryşyň rekord derejedäki gerimi dron futbolynyň sport pudagynda täze ugur hökmünde uly mümkinçilikleriniň bardygyny görkezdi.


23.06.2026 18:51
5.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....