1.7k+

Gemini 3.1 Pro bäsdeşlerinden has akylly we ep-esli arzan bolup çykdy

Google kompaniýasy gysga jogap däl-de, çylşyrymly logiki pikirlenmegi talap edýän ýumuşlar üçin niýetlenen täze Gemini 3.1 Pro emeli aň modelini hödürledi. Model programmalary ýazmaga, ylmy barlaglar geçirmäge we hatda animasiýalary döretmäge-de ukyplydyr...

1.9k+

Kazyýet OpenAI-iň «Cameo» sözüni ulanmagyny gadagan etdi

Meşhur adamlardan şahsy wideogutlaglary sargyt etmäge mümkinçilik berýän Cameo platformasy bilen OpenAI kompaniýasynyň arasyndaky dawada Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti Cameo-nyň tarapyny çaldy...

881

Google Gemini-de saz döretmek funksiýasy peýda boldy

Google kompaniýasy Gemini goşundysyna emeli aňa esaslanýan saz döretmek funksiýasyny goşdy. Ulanyjy diňe döretmek isleýän aýdymyny söz bilen beýan etmeli, şondan soň hyzmat ýazgysy, sözleri we suraty (obložkasy) bolan 30 sekuntlyk sazy taýýarlap berýär...

2.9k+

Ýewroparlamentiň deputatlary iş planşetlerinde emeli aňsyz galdylar

Ýewropa parlamenti howpsuzlyk maksady bilen, deputatlaryň korporatiw planşetlerindäki emeli aň funksiýalaryny öçürdi. Bu barada Euractiv neşiri habar berýär. Şeýle karar kiberhowpsuzlyk we şahsy maglumatlary goramak boýunça hünärmenleriň maslahaty esasynda kabul edildi...

3.1k+

Bloomberg: sarp ediş elektronikasy pudagyna çökgünlik garaşýar

Dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylary sarp ediş elektronikasy pudagynda uly kynçylyklaryň gelip ýetýändigi barada duýdurýarlar. Emeli aň üçin niýetlenen maglumatlary işlemek merkezleriniň (data-center) örän ýokary islegi, smartfonlarda, noutbuklarda we beýleki ýokary tehnologiýaly enjamlarda ulanylýan DRAM (dinamiki operatiw ýat) mikroshemalarynyň gytçylygyna alyp barýar...

1.4k+

Hindistanda ChatGPT-niň hepdelik işjeň ulanyjylarynyň sany 100 milliona ýetdi

Hindistan ChatGPT-niň hepdede 100 million işjeň ulanyjy görkezijisine ýetdi. Bu görkeziji ýurdy ABŞ-dan soň OpenAI kompaniýasynyň dünýädäki ikinji uly bazaryna öwürdi. Bu barada Nýu-Delide geçirilýän emeli aň boýunça hökümet sammitiniň öňüsyrasynda OpenAI-yň baş direktory Sem Altman habar berdi...

2.4k+

Unitree-niň robotlary indi öz-özlerini ýasap başladylar

Unitree Robotics kompaniýasy Hançžou şäherindäki önümçilik toplumyndan düşürilen wideony paýlaşdy. Onda UnifoLM-X1-0 emeli aň modeliniň dolandyrmagyndaky adamsypat robotlar özlerine meňzeş beýleki robotlary ýygnamak işini ýerine ýetirýär...

737

Google emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen işlemegi üçin täze standarty yglan etdi

​Google kompaniýasy emeli aň agentleriniň web saýtlar bilen özara gatnaşygyny  standartlaşdyrmak üçin niýetlenen MCP protokolynyň brauzer görnüşi bolan WebMCP-ni tanyşdyrdy. Bu täze çemeleşme, agentiň HTML koduny derňemezden we ulanyjynyň  basyşlaryny gaýtalamazdan, saýtda amallary ýerine ýetirmek üçin anyk we öňünden kesgitlenen interfeýs almagyny üpjün edýär...

7.7k+

Tom Kruz bilen Bred Pittiň uruşýan wideosy Golliwudyň gaharyny getirdi

Iri golliwud studiýalary Hytaýyň ByteDance kompaniýasyny öz neýroulgamlaryna tälim bermek üçin awtorlyk hukugy bilen goralan kontenti yzygiderli ulanmakda aýypladylar. Şikaýat eden kompaniýalaryň arasynda Disney we Paramount Skydance bar diýip, Variety habar berýär...

2.2k+

Emeli aň ýene bir synagda adamyň görkezijisinden öňe geçdi: Gemini 3 Deep Think abstrakt pikirlenmäge ökde

Google DeepMind ylmy we inženerçilik meselelerini çözmäge gönükdirilen Gemini 3 Deep Think modeliniň uly täzelenmesini tanyşdyrdy. Modeliň iň esasy görkezijisi — ARC-AGI-2 testinde 84,6% netije görkezmegidir. Bu test emeli aňyň ozal görmedik täze abstrakt meselelerini öwrenilen maglumatlara esaslanman, diňe logika arkaly çözmek ukybyny barlaýar...

1.1k+

ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar...

2.1k+

Google emeli aňy ösdürmek üçin 100 ýyllyk karz aldy

​Google-yň enelik kompaniýasy bolan Alphabet emeli aň taslamalaryny maliýeleşdirmek üçin üç sany halkara bazarynda obligasiýalary (gymmatly kagyzlaryny) ýerleşdirip, iki günüň içinde 32 milliard dollardan gowrak serişde ýygnady...

1.5k+

Humanoid-iň robotlary ýeke-täk «beýnä» boýun bolup işlemäni öwrendiler

Humanoid kompaniýasy robotlaryň tutuş toplumy üçin ýeke-täk karar kabul ediş merkezi hökmünde işleýän KinetIQ dolandyryş ulgamyny tanyşdyrdy. Bu platforma senagat we durmuş gurşawynda ammar araba-robotlaryndan başlap, iki aýakly gumanoidlere çenli gurluşy we maksady dürli-dürli bolan enjamlary dolandyrmaga mümkinçilik berýär...

2.8k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň BAE-niň medeniýetine we kanunyna laýyk nusgasyny döreder

OpenAI Birleşen Arap Emirlikleri üçin ChatGPT-niň ýöriteleşdirilen nusgasyny döretmek boýunça Abu-Dabiniň G42 tehnologiýa holdingi bilen gepleşikleri alyp barýar. Bu barada Semafor neşiri habar berýär. Taslama emeli aňy ýerli kanunçylygyň talaplaryna, medeni kadalara we şiwe aýratynlyklaryna uýgunlaşdyrmaga niýetlenendir...

1k+

Insaýder: OpenAI-iň çykarjak ilkinji enjamy Dime atly gulaklyk bolar

GSMArena neşiriniň berýän habaryna görä, OpenAI kompaniýasy özüniň ilkinji enjam görnüşli önümini hödürlemäge taýýarlanýar. Özi-de bu smartfon ýa-da kulon däl-de, eýsem, emeli aň bilen işleýän gulaklykdyr. Başda kompaniýa emeli aň oturdylan kulon ýa-da ruçka diýen ýaly, has delräk enjamlary çykarmagy göz öňünde tutupdy...

758

Amazon emeli aňyň kömegi bilen kino edýän çykdajylaryny azaltmak isleýär

Amazon kompaniýasy filmleri döretmekde emeli aňy ulanmak arkaly önümçilik möhletlerini gysgaltmagy hem-de onuň bahasyny arzanlatmagy göz öňünde tutýar. Kompaniýanyň nygtaýşy ýaly, elbetde täze tehnologiýa döredijilik hünärmenleriniň ornuny tutmaz, ýöne onuň has köp taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam edip biljekdigine welin, bil baglamak mümkin...

5.9k+

Emeli aň adamlary işe alyp başlady: munuň nämesi erbet?..

Ýakynda peýda bolan RentAHuman.ai hyzmaty internetde kän jedel döretdi. Ol emeli aň agentlerine neýroulgamlaryň ýerine ýetirip bilmeýän meselelerini çözmek üçin adamlary işe almaga mümkinçilik berýär. 2-nji fewralda işe başlan bu meýdança algoritmleriň eýeleri bilen iş gözleýjileriň arasynda baglaýjy halka bolup hyzmat edýär...

3.6k+

ChatGPT yzyňa gara: Gemini ýetip gelýär

Google Gemini emeli aň (EA) kömekçisiniň auditoriýasy aýda 750 mln işjeň ulanyja ýetdi. Bu maglumatlar kompaniýanyň nobatdaky çärýekleýin hasabatynda görkezildi. Google geçen çärýekde Gemini-iň her aýda 650 mln işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar beripdi...

5.4k+

Emeli aň işçi eliniň ýetmezçiliginden kösenýär

Emeli aň industriýasynyň çalt depginler bilen ösmegi, maglumat merkezlerini gurmak we olara hyzmat etmek üçin zerur bolan işçi hünärmenleriniň ýiti ýetmezçiligini ýüze çykardy diýip, WIRED neşiri ýazýar. Netijede elektriklere, gurluşykçylara, howalandyryş we sowadyş ulgamlaryny gurnaýan işgärlerine bolan isleg birden ýokarlandy...

1.5k+

YouTube-da wideolaryň awtomatik EA-dublýažy ähli ulanyjylar üçin elýeterli boldy

YouTube wideo hyzmaty emeli aňyň esasynda awtomatik dublýaž funksiýasy üçin birnäçe täzelenmeleri yglan etdi. Indi bu hyzmat ähli ulanyjylar üçin elýeterli we 27 dili goldaýar. YouTube 2024-nji ýylda emeli aň arkaly awtomatik ses bermek funksiýasyny tanyşdyryp, ony diňe synag toparyndaky awtorlar üçin elýeterli edipdi...

2.8k+

Adamlar biri-birine ynanmaýan syrlaryny emeli aňa ynanýarlar

Täze barlaglar adamlaryň biri-birek bilen paýlaşýan, hatda kähalatda biri-birilerine aýtmaga-da dözmeýän syrlaryny emeli aňa ynanýandyklaryny ýüze çykardy. Fraýburg we Geýdelberg uniwersitetleriniň alymlary tarapyndan geçirilen şeýle barlagyň netijeleri Communications Psychology žurnalynda çap edildi...

3k+

Ilon Mask özüniň SpaceX we xAI kompaniýalarynyň birleşýändigini yglan etdi

​Amerikaly telekeçi Ilon Mask özüniň SpaceX kosmos kompaniýasynyň we emeli aň ulgamyndaky xAI startap kompaniýasynyň birleşýändigini yglan etdi, diýlip SpaceX saýtynda habar berilýär. ​Işewüriň aýtmagyna görä, iki kompaniýanyň birleşmegi bir wagtda emeli aň, raketagurluşyk, internet hyzmatlaryny hödürlemek we sosial media bilen meşgullanyp biljek «innowasion maşynyň» peýda bolmagyna getirer...