Google robotlara bolup geçýän ýagdaýa düşünmegi we özbaşdak baha bermegi öwretdi

  • 23.04.2026 15:36
  • 1.2k+

Google kompaniýasy robotlaryň daşky gurşaw bilen özara hereketini düýpli üýtgedýän täze Gemini Robotics-ER 1.6 modelini hödürledi.

Bu taslamanyň esasyny «embodied reasoning» konsepsiýasy düzýär. Ol robotlara lenç edilen ülňilere eýermän, eýsem, fiziki gurşawy seljermäge, çylşyrymly wezipeleri tapgyrlara bölmäge we işiň hilini özbaşdak barlamaga mümkinçilik berýär.

Täze nusganyň giňişligi duýmak ukyby-da kämilleşen. Ol bir wagtda birnäçe kameradan gelýän maglumatlary işläp taýýarlamagy, şeýle-de dürli taraplary bir bitewi şekile getirmegi öwrendi. Bu model zatlary has takyk tanaýar, olary sanamagy başarýar we aralaryndaky baglanyşyga düşünýär. Bu bolsa her hili zatlardan doly otaglarda robotyň etmeli hereketini ýeňilleşdirýär.

Esasy täzeliklerden ýene biri, enjamlary seljermegiň funksiýasydyr. «Boston Dynamics» bilen bilelikdäki işiň netijesinde, manometrleriň we displeýleriň görkezijilerini tanamagyň takyklygy 23%-den 93%-e çenli ýokarlandy.

Mundan başga-da, Gemini Robotics-ER 1.6 Google-yň hataryndaky iň howpsuz ulgam boldy. Ol ätiýaçly bolmaly zatlar bilen işlenilende çäklendirmelere has pugta eýerýär.

Programmaçylar eýýäm Gemini API we Google AI Studio arkaly bu modele giriş hukuklaryny aldylar. Bu bolsa robotyň diňe bir buýruklary ýerine ýetirmän, eýsem daş-töwereginde bolup geçýän wakalara doly derejede düşünmegi üçin täze goşundylary döretmäge mümkinçilik berer.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......