Hytaýda AI-niň zerurlyklary üçin niýetlenen kuwwatly hasaplaýyş klasteri işe girizildi

  • 22.04.2026 17:02
  • 1.2k+

Çençžou şäherinde Hytaýyň iň uly ylmy hasaplaýyş klasteri işläp başlady, ol çylşyrymly ylmy barlaglary awtomatlaşdyrmak üçin 60 000 emeli aň tizlendirijisini özüne birleşdirýär.

Bu desga maglumatlary, hasaplaýyş kuwwatyny we müňden gowrak dil modellerini birleşdirýän milli superkompýuter ulgamynyň merkezi nokadyna öwrüldi.

Ulgam iň ýokary elýeterlilik ýörelgesi esasynda guruldy: ylmy işgär soragy tebigy dilde düzüp biler, şondan soň klaster özbaşdak serişdeleri paýlar we hasaplama wagtyny ep-esli tygşytlamak bilen taýýar netijäni çykarar.

Bu infrastruktura hem fundamental ylym, hem senagat ulanylyşlary üçin niýetlenendir. Taslama global tehnologik bäsdeşligiň esasy elementi hökmünde garalýar we Hytaýa emeli aňy ylmy barlaglaryň ähli ugurlaryna sazlaşykly ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.


şu gün 10:51
72

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......