Bilim ministrliginde Türkmenistanda Huawei ICT akademiýasyny döretmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy

  • 20.04.2026 15:28
  • 1.9k+

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Huawei kompaniýasynyň Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti Sýu Haý bilen duşuşyp, sanly bilimi ösdürmek we emeli aň (EA) tehnologiýalaryny ornaşdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Duşuşygyň esasy netijesi hökmünde emeli aň ulgamyndaky bilim maglumatlaryny ýerli şertlere uýgunlaşdyrmak we Türkmenistanda Huawei ICT Academy — halkara sertifikatly hünärmenleri taýýarlamagyň toplumlaýyn modelini döretmek baradaky Ähtnamany taýýarlamak boýunça deslapky ylalaşyklar gazanyldy.

Duşuşykda bilim infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ýokary okuw mekdepleri üçin täze çözgütleri ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen talyplaryna bilim almaga we HCIA, HCIP hem-de HCIE derejeli halkara sertifikatlaryny almaga mümkinçilik berjek synag wauçerlerini bermek meseleleri maslahatlaşyldy. Bu programmalar bulut tehnologiýalaryndan we kiberhowpsuzlykdan başlap, maglumat seljermesine çenli uly isleg bildirilýän ugurlary öz içine alýar.

Şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine Huawei kompaniýasynyň okuw kurslaryna elýeterlilik bermek we mugallymlaryň halkara akademik programmalaryna gatnaşygyny giňeltmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Mundan başga-da, talyplaryň «ICT Competition» bäsleşigine gatnaşmagynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň milli topary bu bäsleşikde mundan ozal hem ýokary netijeleri görkezipdi.


19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

17.06.2026 09:44
2.3k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......