Meta we Microsoft emeli aňyň bähbidine müňlerçe işgäri işden çykarar

  • 25.04.2026 19:07
  • 2k+

Instagram, Facebook we WhatsApp sosial ulgamlarynyň eýesi bolan Meta kompaniýasy sekiz müňe golaý işgärini (takmynan, 10%) işden çykarmak meýilnamasyny mälim etdi. «BBC News» neşiriniň belleýşi ýaly, bu çözgüt kompaniýanyň beýleki ugurlara, şol sanda emeli aň tehnologiýalaryna maýa goýmak islegi bilen baglanyşyklydyr.

Şeýle hem Meta ozal işgär almagy meýilleşdiren alty müňe golaý boş iş ornuny ýapar.

Kompaniýanyň işgärlerine iberen hatynda Meta-nyň işgärler boýunça direktory Janel Geýl emeli aňy göni agzamady, ýöne bu işden çykarmalaryň kompaniýa «beýleki maýa goýumlaryň öwezini dolmaga» mümkinçilik berjekdigini belledi diýip, «The Guardian» ýazýar.

2026-njy ýylda Meta emeli aňy ösdürmek üçin 135 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýär — bu mukdar öňki üç ýylyň jemine deňdir. Ýylyň başyndan bäri Meta eýýäm iki gezek kiçi göwrümli azaltmalary geçirip, iki müň işgärini işden boşatdy.

Munuň bilen bir wagtda, Microsoft kompaniýasy hem köpýyllyk tejribesi bolan işgärlerine öwez tölegleri esasynda öz islegi bilen işden gitmegi teklip etjekdigini habar berdi. «Financial Times-yň» ýazmagyna görä, bu ýerde ýaşy we iş tejribesi umumylykda 70 ýyldan geçýän, takmynan, sekiz müň işgär (umumy işgär sanynyň 7% töweregi) barada gürrüň gidýär. Kompaniýa tarapyndan bu çözgüdiň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmedi. Şol bir wagtda «The Guardian» Microsoft-yň emeli aňa, takmynan, 100 milliard dollar sarp etmegi meýilleşdirýändigini ýatladýar.


24.06.2026 23:26
2.8k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....