Bilermenler emeli aň modelleriniň medeni tarapgöýlügine ünsi çekýärler

  • 26.04.2026 09:45
  • 5.3k+

Emeli aň gündelik durmuşymyzda maglumat gözlemekden başlap, resminamalary taýýarlamaga çenli örän işjeň ulanylýar. Emma bilermenler köp adamyň üns bermeýän bir möhüm meselesine ünsi çekmek bilen, bu ulgamlaryň jogaplarynyň çäkli medeni düşünjeleriň esasynda emele gelýändigini belleýärler.

Hakykatdan hem geçirilen barlaglar modelleri okatmak üçin ulanylýan maglumatlaryň ep-esli böleginiň WEIRD toparyna degişlidigini görkezýär. Bu ylmy termin Günbatar, bilimli, senagat taýdan ösen, baý we demokratik jemgyýetleri aňladýar. Ýer ýüzüniň ilatynyň az bölegini düzýän hem bolsa, köp wagtlap hut şu ýurtlaryň garaýyşlary «umumy standart» hasaplanyp gelindi.

​WEIRD termini 2010-njy ýylda antropologlar Jozef Henrih, Stiwen Haýne we Aran Norenzaýan tarapyndan girizildi. Onuň manysy:

• ​W – Western (günbatarly);

• ​E – Educated (bilimli);

• ​I – Industrialized (ösen senagtly ýerden):

• ​R – Rich ( baý);

• ​D – Democratic (demokratlar).

​Häzirki wagtda emeli aň modellerini okatmak üçin ulanylýan maglumatlaryň 80–90 göterimi iňlis dilindäki çeşmelerden gelýär. Ýöne bu dilde gepleýänler dünýä ilatynyň 16 göteriminden hem azdyr. Netijede, ulgamlar iňlis dilli ýurtlaryň medeniýetine has gowy düşünýärler, beýleki sebitleriň aýratynlyklaryny bolsa pes derejede özleşdirýärler.

​Emeli aň şahsy üstünlik, feminizm ýa-da söz azatlygy ýaly mowzuklara has werziş. Emma köp medeniýetler üçin möhüm bolan kollektiwizm, iýerarhiýa, ýaşululara hormat goýmak ýa-da çylşyrymly maşgala gatnaşyklary barada bolsa ygtybarsyz maglumat berýär.

​Bilermenler muny tehniki näsazlyk däl-de, siwilizasiýa kodlarynyň çaknyşygy diýip hasaplaýarlar.

​Meselem, emeli aňdan sygyr ýa-da doňuz etinden nahar reseptini sorasaňyz, ol dessine jogap berýär. Emma at, düýe ýa-da it etinden nahar sorasaňyz (käbir medeniýetlerde bu däp-dessur bolsa-da), ol: «Sorag etikanyň düzgünlerine ters gelýär. Bu haýwanlara garşy rehimsizlikdir» diýip, şablon jogap berýär. Şol bir wagtyň özünde, neýroulgam musulman ýurtlarynda doňuz etiniň gadagandygy ýa-da induizmde sygryň mukaddes hasaplanýandygy ýaly medeni tapawutlara köp halatda düşünmeýär.

​Hünärmenler bu «medeni birtaraplylygy» azaltmak üçin, dürli ýurtlaryň medeni aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan köptaraply maglumatlaryň we täze modelleriň zerurdygyny nygtaýarlar.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......