Emeli aň inženerleri ABŞ-ny terk edip, Hytaýa gaýdyp gelýärler

  • 17.04.2026 10:33
  • 6k+

Hytaýda ABŞ-dan yzyna gaýdyp gelýän emeli aň hünärmenleriniň sanynyň görnetin artandygy bellenilýär. Gürrüň ozal Google DeepMind we OpenAI ýaly dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa ägirtlerinde işlän onlarça tejribeli inženerler we barlagçylar barada gidýär.

​Hünärmenleriň watanyna dolanmagynyň sebäpleriniň arasynda diňe bir bäsleşige ukyply zähmet şertleri däl, eýsem, täze oýlap tapyşlary durmuşa geçirmek üçin döredilýän giň mümkinçilikler hem bar. Hytaýda, aýratyn-da, Şençžen ýaly tehnologiýa merkezlerinde emeli aň çözgütleri senagatdan robototehnika çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna has tiz ornaşdyrylýar.

​Şunlukda EA hünärmenleriniň Hytaýda işlemek islegine täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyş depgininiň ýokarylygy we ABŞ-nyň girizýän wiza düzgünleriniň, býurokratik bökdençlikleriň we syýasy basyşlaryň bu ýurtda işlemek höwesini peseltmegi sebäp bolýar diýip bellenilýär.

Görnüşi ýaly, Hytaý kem-kemden emeli aň ulgamynda dünýäniň özbaşdak merkezine öwrülýär we iň güýçli kadrlary özüne çekmegi başarýar.

Bu ýagdaý dünýäniň tehnologiýa bazarynda güýçleriň deňagramlylygynyň üýtgemegine we Hytaýyň emeli aň bäsleşigindäki ornunyň has-da berkemegine esas bolup biler.

 


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 08:18
1.6k+

Aýy penjeli robot-it Arktikanyň buzluklaryny ilkinji gezek üstünlikli geçdi

Hytaýyň awtonom «Lynx S10» robotynyň üýtgedilen nusgasy Demirgazyk Buzly ummanynyň kyn şertlerinde synagdan üstünlikli geçdi. Bu synaglar robot ulgamlarynyň dünýäniň iň howply zolaklarynda polýar......