OpenAI we Google modelleriniň hytaýly bäsdeşi bolan DeepSeek V4 neýroulgamy çykdy

  • 27.04.2026 15:59
  • 1k+

DeepSeek kompaniýasy özüniň täze uly dil modeli bolan V4-üň deslapky wersiýasyny çykardy. Ol beýleki modeller üçin ýokary öndürijilikli we tygşytly bäsdeş hökmünde görkezilýär.

Täze model OpenAI kompaniýasynyň GPT-5.5 modelini tanyşdyrmagyndan az wagtdan soň çykdy. Modeliň başlangyç kody açyk bolup, bu işläp düzüjilere algoritmi ýerli derejede gurnamaga we üýtgetmäge mümkinçilik berýär.

DeepSeek V4 iki wersiýada hödürlenýär: Pro we Flash. Pro wersiýasy 1,6 trillion parametre eýe (olaryň 49 milliardy işjeň) we işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, matematika hem-de kod ýazmak babatda dünýäniň iň gowy ýapyk modelleri bilen deňeşdirip boljak netijeleri görkezýär. Dünýä baradaky umumy bilimler boýunça bu model diňe Gemini 3.1 Pro-dan yza galýar. 284 milliard parametri bolan Flash wersiýasy bolsa uly modeline ýakyn pikir ýöretme ukyplaryny hödürleýär, ýöne agent režiminde has çalt işlemek üçin optimizirlenendir.

DeepSeek-iň üstünligini çykdajylaryň ýokary netijeliligi bilen baglanyşdyrýarlar: mundan öňki R1 modeli iki aýyň içinde öwredilip, oňa 6 million dollardan hem az serişde sarp edilipdi.

Täze V4 wersiýasyny okatmak işini Huawei kompaniýasynyň Ascend tizleşdirijilerinde işleýän hasaplaýyş klasterleri goldap biler. Häzirki wagtda neýroulgam eýýäm çat-botuň web-interfeýsinde, goşundysynda we işläp düzüjiler üçin API arkaly elýeterlidir.


şu gün 10:51
256

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....