Google awtoulaglarda Assistant-yň deregine Gemini-ni girizer

  • 06.05.2026 10:26
  • 1.3k+

Google ýakyn aýlarda Android Automotive operasion ulgamy bilen işleýän awtoulaglarda Google Assistant sesli kömekçisini Gemini emeli aňy bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu täzelenme 2020-nji ýyldan bäri çykarylan ozalky modeller üçin hem elýeterli bolar.

Gemini-niň interfeýsi «Gemini-den sora» diýen düwmeli reňkli panel görnüşinde bolar. Kömekçi «Google Kartalaryň» maglumatlaryny ulanyp, säginmek üçin oňaýly ýerleri tapyp biler, şeýle hem awtoduralgalar ýa-da naharhanalaryň menýusy baradaky soraglara jogap berer.

Täze funksiýalaryň arasynda gelýän tekstli hatlaryň gysgaça mazmunyny taýýarlamak we YouTube Music arkaly diňleýjiniň islegine görä aýdym-saz saýlamak ýaly mümkinçilikler hem bar. Şeýle-de ulanyjylar Gemini Live düzümi arkaly ýol ugry hakda sorag-jogap alşyp we gerek bolsa, kömekçiniň sözüni bölüp, has takyk maglumatlary-da alyp bilerler.

Android Automotive bilen integrasiýa awtoulagyň ulgamlaryna berk arabaglanyşygy üpjün eder. Gemini anyk bir awtoulag modeliniň gollanmasyna esaslanyp, maslahatlary we elektromobiliň batareýasynyň derejesini habar berip biler we klimat-kontrol ýaly funksiýalary dolandyrar. Mysal üçin, sesli buýruk arkaly sowuk howada aýnanyň gyzgynlygyny-da işledip bolar.

Bu täzelenmäni girizmek işleri ilki ABŞ-nda başlar. Isleg bildiren ulanyjylar täze ulgama geçmän, öňki Google Assistant-y ulanmagy dowam etdirip hem bilerler.


19.06.2026 18:36
876

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.2k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......