Dubaý 50 müň döwlet gullukçysyny emeli aň bilen işlemäge werziş eder

  • 19.04.2026 11:37
  • 4.4k+

«Digital Dubai» edarasy döwlet gullukçylarynyň 50 müňüsine emeli aň (EA) bilen işlemek endiklerini öwretmek üçin resmi taýdan «AI+» atly uly göwrümli okuw maksatnamasyna başlady. Dubaý hökümetiniň Kadrlar departamenti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän bu başlangyç, döwlet işgärlerine tehnologiýalary diňe ulanmak bilen çäklenmän, eýsem, täzeçil döwlet hyzmatlaryny döretmekde hem işjeň hyzmatdaşlara öwrülmäge çagyrýar.

Maksatnama her bir işgäriň wezipesine görä ýöriteleşdirilen okuw ugurlaryny öz içine alýar. Meselem, ýolbaşçylar tehnologiýalary ornaşdyrmagyň strategiýalaryna we dolandyryş usullaryna üns berseler, hünärmenler «promt-inžiniring» (sorag-jogap gurallaryny düzmek) we emeli aň kömekçileri arkaly gündelik işleri awtomatlaşdyrmak ýaly amaly endikleri özleşdirerler. «Digital Dubai-nyň» baş direktory Hamad Obeýd Al Mansuri bu maksatnamanyň esasy özeninde raýatlaryň isleglerini öňünden çaklap bilýän kämil hyzmatlary döretmegiň durandygyny nygtady.

Kadrlar departamentiniň ýolbaşçylarynyň belleýşi ýaly, bu taslama döwlet apparatynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga we edara düzümlerinde hemişelik innowasiýa medeniýetini ösdürmäge gönükdirilendir. Bu başlangyç emirligiň sanly transformasiýa ugrundaky dowamly syýasatynyň möhüm bölegi bolup, öňem bu ugurda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we galplyga garşy göreşmek boýunça köp sanly kampaniýalar üstünlikli geçirilipdi.


düýn 18:51
3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....