540 ýyl öň ýazylan söýgi hatynyň syry açyldy

  • 28.04.2026 18:28
  • 12k+

«Daily Mail» neşiriniň habar bermegine görä, emeli aň ýazylan wagtyndan 540 ýyl geçen söýgi hatynyň mazmunyny okamaga kömek etdi.

Hat 1477-nji ýylyň fewralynda Topkroftda Marjeri Brýus tarapyndan öz adaglysy Jon Pastona ýazylypdyr. Teksti okamak örän kyn boldy: ol erkin görnüşde, standart däl orfografiýa, köne sözler we gysgaltmalar bilen ýazylypdyr.

«Häzirkizaman okyjylaryna bu dil nätanyş görnüp biler, sebäbi şol döwrüň orfografiýasy, grammatikasy we aýdylyşy häzirki iňlis dilinden örän tapawutlydyr» – diýip, «MyHeritage» genealogik saýtynyň wekili düşündirýär.

Hünärmenler hatyň suratyny «Scribe AI» guralyna ýükledi, ol bolsa teksti çalt okamaga we häzirkizaman diline geçirmäge kömek etdi.

Hatdan belli bolşy ýaly, Marjeri kakasynyň galyňy artdyrmakdan ýüz döndermegi sebäpli biynjalyk bolupdyr. Muňa garamazdan, ol adaglysyny özüniň päk söýgüsine ynandyrýar we mal-döwleti az bolsa-da, ony taşlamajakdygyny ýazýar.

Bu hat 400-den gowrak resminamany öz içine alýan «Pastonlaryň hatlary» toplumyna degişlidir. Bu hat alyşmalar daýhanlykdan dörän we soňra dworýan gatlagyna çenli ýol geçen maşgalanyň sosial ýagdaýynyň üýtgeýşini görkezýär.

«Daily Mail-iň» maglumatyna görä, Marjeri Brýus bilen Jon Paston ahyrynda durmuş gurupdyr, 1479-njy ýylda bolsa olaryň ogly dünýä inipdir. Soňra «MyHeritage-iň» hünärmenleri olaryň nesillerini tapmagy başardy.

Marjeri Brýus şeýle ýazypdyr: «Eger sen meniň, nirä gitseň hem, wepaly galmagymy isleseň, men seni söýmek üçin elimde baryny ederin we seni söýmegimi hiç wagt bes etmerin. Eger-de garyndaşlarym meniň ýalňyşýandygymy aýtsalar, goý, bilsinler: ýüregim maňa seni dünýädäki ähli zatdan ýokary tutup, çyn ýürekden söýmegi buýurýar. Eger-de haçan-da bolsa aramyzda düşünişmezlik dörese, wagtyň geçmegi bilen hemme zadyň düzeljekdigine ynanýaryn. Häzir aýtmaly başga zadym ýok, diňe bir zatdan başga — seni Hudaý gorasyn. Haýyş edýärin: goý, bu hata senden başga hiç kimiň gözi düşmesin».


07.06.2026 20:06
3.1k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.7k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 17:20
3.1k+

«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler....

04.06.2026 11:11
3.1k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......