Google OpenAI-a eýerip, Gemini goşundysyna mahabat girizmegi meýilleşdirýär

  • 04.05.2026 22:51
  • 924

Google kompaniýasy Gemini emeli aň goşundysyna mahabat girizmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada kompaniýanyň işewürligi ösdürmek boýunça direktory Filipp Şindler maýadarlaryň öňünde eden çykyşynda mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, kompaniýa gözleg ulgamynyň emeli aň režimine mahabat görnüşlerini goşmagy öwrenýär we bu modeli Gemini goşundysyna hem geçirmegi göz öňünde tutýar. Şol bir wagtyň özünde, Google bu işde howlukmaýandygyny we mahabatyň dogry ornaşdyrylan ýagdaýynda «peýdaly täjirçilik maglumatyna» öwrülip biljekdigini belleýär.

Häzirki wagtda mahabat elementleri eýýäm AI Overviews ulgamynda ulanylýar we Google Search-iň emeli aň režiminde synagdan geçirilýär, emma Gemini-niň özbaşdak görnüşinde (şol sanda mugt wersiýasynda-da) mahabat ýokdur.

Mundan ozal OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň käbir ulanyjylary üçin hemaýatkärlik kontenti hökmünde mahabat integrasiýalaryny girizipdi. Şol bir wagtyň özünde, Anthropic kompaniýasy Claude goşundysyna hiç wagt mahabat goşmazlyga söz berdi. Hatda soňky Superboul wagtynda kompaniýa OpenAI-yň öz çat-botunda mahabat ulanýandygyny ýaňsylady.

«PCWorld» neşiriniň baha bermegine görä, bazaryň täze monetizasiýa usullaryna geçýän we emeli aň önümleriniň gymmatlaýan döwründe çat-botlarda mahabatyň bolmagy trende öwrülip biler.


19.06.2026 18:36
876

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.2k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

17.06.2026 07:37
3k+

Google Earth-de mugt awiasimulýator peýda boldy: planetanyň üstünden uçup bolýar

Google Earth platformasy göni brauzeriň içinde wirtual uçary dolandyrmaga we dünýäniň dürli sebitlerini uçuş belentliginden synlamaga mümkinçilik berýän mugt awiasimulýatora elýeterliligi açdy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......