Google: Kompaniýadaky kodlaryň 75 göterimini emeli aň ýazýar, emma karary inženerler berýär

  • 30.04.2026 23:55
  • 1.4k+

Google-da täze ýazylýan kodlaryň takmynan 75 göterimi emeli aň gurallarynyň kömegi bilen döredilýär. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Sundar Piçaý «Cloud Next 2026» maslahatyna bagyşlanan blog ýazgyda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, şeýle kodlaryň paýy geçen ýylyň güýzünde 50 göterime, 2024-nji ýylyň ahyrynda bolsa bary-ýogy 25 göterime deňdi.

Piçaý kompaniýada «doly agentli iş akymlary» diýlip atlandyrylýan usulyň ulanylýandygyny belledi. Inžener tabşyrygy kesgitleýär, emeli aň bolsa ony birnäçe tapgyra bölýär we ýerine ýetirýär. Netijede, meselem, kodlary bir ulgamdan başgasyna geçirmek ýaly çylşyrymly taslamalar has çalt amala aşyrylýar. Hususan-da, «Gemini» modeliniň macOS üçin niýetlenen wersiýasynyň üstünde işlenilende, işçi topary bary-ýogy birnäçe günüň dowamynda ilkinji işjeň nusgany döretmegi başardy.

Google kompaniýasy emeli aňyň kody döretmek üçin ulanylýandygyny, emma ahyrky barlagyň we kararlary kabul etmegiň inženerleriň jogapkärçiliginde galýandygyny aýratyn nygtaýar. Statistika diňe barlagdan geçen we işçi ulgama goşulan kod bölekleri girizilýär.


şu gün 11:10
449

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

düýn 23:04
2k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

düýn 15:01
1.5k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 17:00
2.9k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....