«Alisa AI» batyl we görüjiligi pes bolan adamlar üçin ýöriteleşdirildi

  • 24.04.2026 15:27
  • 1.5k+

Ýandeks kompaniýasy «Alisa AI» goşundysyny we onuň web-wersiýasyny görmekden mahrum, şeýle-de görüşi ýabygorly bolan ulanyjylar üçin amatly ýagdaýa getirdi. Indi bu hyzmat ekranly okaýjy (skrinrider) programmalary bilen bilelikde işleýär we ekrandaky maglumatlary sesli yglan etmäge ýa-da braýl ekranyna çykarmaga mümkinçilik berýär.

​Häzirki wagtda kompaniýanyň 16 sany hyzmaty, şol sanda «Alisa AI» bilen söhbetdeşlik funksiýasy hem ýöriteleşdirildi. Goşundynyň we web-wersiýanyň gurluşyna klawiatura arkaly gözleg etmegi ýeňilleşdirýän ýörite bellikler goşuldy.

​«Alisa AI» dürli meseleleri çözmäge: tekstleri düzmäge we redaktirlemäge, tagam taýýarlaýyş reseptlerini tapyp bermäge, film boýunça maslahatlary hödürlemäge we harytlaryň bahalaryny deňeşdirmäge ukyplydyr.

​Täzelenen nusga Android, iOS ulgamlarynda we web-wersiýada elýeterlidir. Hyzmat «Alice AI» maşgalasyna degişli generatiw modelleriň binýadynda işleýär. Çat bilen alice.yandex.ru saýtyndan, şeýle-de «Alisa AI», «Ýandeks Brauzer» we «Ýandeks bilen Alisa AI» goşundylaryndan peýdalanyp bilersiňiz.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......