Täze Grok Imagine çykdy: Ilon Mask wideolarda öň görülmedik hakykylygy wada berýär

  • 04.05.2026 13:11
  • 3.2k+

Ilon Mask ýokary hilli wideolary we suratlary döretmek üçin niýetlenen Grok Imagine emeli aň modeliniň täzelenen görnüşiniň işe girizilendigini resmi taýdan yglan etdi.

Täze wersiýanyň esasy gazanan üstünligi — dodaklaryň hereketiniň gepleşik bilen bökdençsiz sazlaşmagy we realistik sesleriň goşulmagydyr. Bu aýratynlyklar neýroulgam tarapyndan döredilen kadrlary hakyky düşürilen wideolardan tapawutsyz diýen ýaly edýär.

Täzelenmeler toplumyna şeýle hem wideorolikleri "akylly" usulda dowam etdirmek, statiki suratlary janlandyrmak we dürli elementleri bir sahnada birleşdirmek üçin niýetlenen guralar hem goşuldy.

Mundan ozal xAI kompaniýasy amaly gurallara gönükdirilen Grok 4.3 wersiýasyny çykarypdy, aprel aýynyň başynda bolsa neýroulgam gysga tekstli sargytlar esasynda kinematografik rolikleri döretmegi öwrenipdi.

Maskyň aýtmagyna görä, ulgamyň häzirki mümkinçilikleri birjigem hakyky kadr ulanmazdan, çylşyrymly wideomazmunlary döretmäge şert döredýär.


şu gün 16:10
511

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
911

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......