EA hyzmatlarynda uly bökdençlik: ChatGPT, Gemini we Claude bütin dünýäde hatardan çykdy

  • 21.04.2026 15:31
  • 3.4k+

2026-njy ýylyň 20-nji aprelinde Aşgabat wagty bilen sagat 19:30 töweregi ChatGPT-niň işinde uly bökdençlik ýüze çykdy. Bu ýagdaý onuň esasy bäsdeşleri bolan Google Gemini we Anthropic kompaniýasynyň Claude platformalaryndaky çynlakaý tehniki meseleler bilen gabat geldi.

Bütin dünýäde müňlerçe ulanyjy emeli aň çat-botlaryna sowal ibermekde ýa-da olaryň interfeýsini ýüklemekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.

Sosial torlar we Downdetector hyzmaty näsazlyklar baradaky köp sanly habarlardan doldy. Ulanyjylar ChatGPT-niň ýalňyşlyk berýändigini ýa-da düýbünden açylmaýandygyny belledi. OpenAI kompaniýasy özüniň status sahypasyny täzeläp, meseläniň bardygyny resmi taýdan tassyklady: «Biz agzalan hyzmatlar bilen baglanyşykly meseläni derňeýäris» diýip, diňe bir ChatGPT-niň däl, eýsem işläp düzüjiler üçin niýetlenen Codex guralynyň hem elýeterli däldigini aýdyňlaşdyrdy.

Munuň yzy bilen Google Gemini-yň işi barada hem şikaýatlar gelip başlady. Google AI Studio resmi sahypasynda açarlary işläp taýýarlamakda API bilen bagly kynçylyklaryň dörändigi barada maglumat peýda boldy. Şol bir wagtyň özünde ulanyjylar Claude çat-botunyň hem elýeterli däldigine üns berdi. Anthropic saýtynda global bökdençlik barada uzak wagtlap maglumat berilmese-de, şol günüň dowamynda Sonnet 4.5 modeli bilen işlenilende ýalňyşlyklaryň köpelendigi hasaba alyndy.

Dürli ýurtlarda bolup geçen bu wakanyň gerimi öňdebaryjy emeli aň kompaniýalarynyň umumy infrastrukturasyndaky mümkin bolan ulgamlaýyn meseledigini görkezýär. Hünärmenler şuña meňzeş ýagdaýyň geçen ýylyň iýun aýynda hem hasaba alnandygyny ýatladýar. Şonda ChatGPT serwerleriň aşa ýüklenmegi sebäpli üç sagatlap elýetersiz bolup, ABŞ-da, Ýaponiýada we Ýewropada nägileligiň döremegine sebäp bolupdy.


şu gün 18:51
757

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.5k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.3k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....