Pirelli tekerleri emeli aňyň kömegi bilen ýoluň örtügini seljermegi öwrener

  • 07.05.2026 14:14
  • 2.9k+

Pirelli kompaniýasy Şwesiýanyň «Univrses» tehnologiýa firmasynyň 30% paýyny satyn alandygyny yglan etdi. Bu şertnama kompaniýa özüniň «Cyber Tyre» platformasyna kompýuter görüşi we emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Bu hyzmatdaşlyk eýýäm tekerleriň içine ýerleşdirilen datçikleri ulanýan sanly ulgamyň mümkinçiliklerini wizual maglumatlar we olaryň intellektual düşündirişi bilen giňeltmäge ýol açar.

Cyber Tyre ulgamy awtoulagyň bort elektronikasyna daşky gurşawyň we ýoluň ýagdaýy barada maglumatlary hakyky wagt tertibinde geçirýär. «Univrses» firmasynyň işläp düzmeleri arkaly ulgam awtoulag kameralaryndan gelýän maglumatlary ulanyp, ýoldaky ýagdaýy has takyk seljerip biler.

Awtoulaglar tarapyndan ýygnalan maglumatlar ýerli ýol gulluklaryna ýoluň zaýalanan ýerlerine çalt baha bermäge we ulag akymlaryny netijeli dolandyrmaga kömek eder.

Häzirki wagtda bu tehnologiýanyň awtoulagy dolandyrmaga nähili täsir etjekdigi barada jikme-jik maglumat berilmese-de, esasy üns ýol üstüniň monitoringine gönükdirilýär. Bu täzelik adaty tekerleri şäheriň sanly eko ulgamynyň möhüm bölegine öwürýär.

Mundan ozal Pirelli-niň «kibertekerleriniň» «Aston Martin» superkarlaryna gurnalyp başlanjakdygy habar berlipdi. Wizual sensorlar we emeli aň arkaly maglumat ýygnamak kanallarynyň giňelmegi sürüş prosesini has akgynly edip, ýol howpsuzlygyny ep-esli ýokarlandyrmalydyr.


düýn 08:33
3.1k+

Farrell Uilýams we adidas magnit bagjykly täze krossowka modelini çykardy

Farrell Uilýams we adidas Originals täze «Virginia Vario Flat Earther» krossowka modelini tanyşdyrdy. Bu önüm sazandanyň «Virginia» atly döredijilik platformasynyň bir bölegi boldy diýip, «Hypebae» neşiri......

21.06.2026 21:59
2k+

Dünýäniň wideooýun bazary ilkinji gezek 200 mlrd dollardan geçdi

Dünýäniň wideooýun bazary 2025-nji ýylyň jemleri boýunça taryhda ilkinji gezek 200 milliard dollar çäginden geçdi....

20.06.2026 10:45
3.6k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

17.06.2026 11:29
4.8k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....