Sony stol tennisinde hünärmenleri utmaga ukyply roboty döretdi

  • 30.04.2026 18:53
  • 1.9k+

Sony kompaniýasy hünärmen türgenleriň derejesinde stol tennisini oýnamagy başaran Ace atly robot-manipulýatory tanyşdyrdy. Bu barada kompaniýanyň saýtyndaky metbugat beýanatynda we «Nature» žurnalynda çap edilen ylmy barlagda aýdylýar.

Synaglar kompaniýanyň Tokiodaky ştab-kwartirasynda geçirildi, ol ýerde olimpiýa ölçeglerine gabat gelýän meýdança guruldy. Bu bolsa robot we oýunçylar üçin birmeňzeş şertleri üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Ace milli ýaryşlarda çykyş edýän bäş sany hünärmen oýunçy bilen bäsleşdi we 13 duşuşygyň ýedisinde ýeňiş gazandy. Halkara derejeli tennisçiler — Minami Ando we Kakeru Sone bilen bäsleşmek robot üçin has çylşyrymly wezipe boldy. Ace olary ýedi oýundan diňe ikisinde utmagy başardy.

Robot sekiz sany hereketli birleşme, meýdançanyň töwereginde ýerleşýän dokuz kamera, şeýle hem adam gözüne bulaşyk görünýän hereketleri tutmaga mümkinçilik berýän üç sany maşyn görşüniň ulgamy bilen enjamlaşdyryldy. Ulgam pökginiň hereketini yzarlaýar we onuň aýlanyşyny logotipinden bilýär, bu bolsa robota strategiýany saýlamaga kömek edýär. Ace berkitme arkaly öwrenmek ulgamyny ulandy — robot öňünden kesgitlenen programma boýunça hereket etmän, oýnuň barşynda uýgunlaşýar.

«Biz zawodlarda örän çalt işleýän köp sanly robotlary görýäris. Emma olar şol bir hereketi gaýtalap durýar. Bu tehnologiýanyň kömegi bilen biz robotlara nämälim şertlerde uýgunlaşmagy, bäsdeşlige ukyply we çalt bolmagy öwredip bolýandygyny görkezýäris» – diýip, Sony AI kompaniýasynyň prezidenti Maýkl Spranger gürrüň berýär.

Kompaniýada munuň robotyň sportuň bäsleşikli görnüşinde adam bilen deň derejä ýeten ilkinji ýagdaýydygy bellenilýär. Bu işlenip düzülen taslama diňe bir sportda däl, eýsem senagatda hem ulanylyp bilner. Taslamanyň netijeleri kömekçi robototehnikada, dikeldişde, uýgunlaşdyryjy türgenleşiklerde we adam durmuşynyň hilini ýokarlandyrmaga gönükdirilen beýleki ugurlarda öz beýanyny tapyp biler.


10.06.2026 11:10
730

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 15:01
1.6k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......

08.06.2026 09:45
1.4k+

ChatGPT-niň aýlyk ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi

ChatGPT-niň aýlyk işjeň ulanyjylarynyň sany bir milliarddan geçdi. Bu hem ony taryhda şeýle uly auditoriýa sanyna iň çalt ýeten sanly önüme öwürdi. Bu barada Sensor Tower analitik kompaniýasy habar berýär....

07.06.2026 20:11
1.9k+

Acer akylly äýnek bazaryna emeli aňy we giňeldilen hakykaty öz içine alýan iki model bilen girýär

Taýwanyň Acer kompaniýasy garaşylmadyk ýagdaýda çalt ösýän akylly äýnek bazaryna girýändigini yglan etdi we içerki emeli aňy bolan tehnologik taýdan tapawutlanýan iki modeli görkezdi....