Kanýe Westiň stilinde «Седая ночь» aýdymynyň EA wersiýasy Shazam-da birinji boldy

  • 19.04.2026 20:02
  • 3.8k+

«Ласковый май» toparynyň «Седая ночь» aýdymynyň emeli aňyň kömegi bilen Kanýe Westiň stilinde döredilen wersiýasy Shazam-yň dünýä çartynda birinji orny eýeledi. Soňky gije-gündiziň dowamynda «Silver Night» atly bu aýdym Shazam-y ulanýanlar tarapyndan iň köp gözlenen aýdym boldy.

Bu kompozisiýa baradaky ilkinji gözlegler 6-njy aprelde peýda bolup başlady, oňa bolan gyzyklanmanyň iň ýokary derejesi bolsa 9-10-njy aprel aralygyna düşdi — günde 10 müňden gowrak gözleg hasaba alyndy. Ulanyjylar diňe bir aýdymyň özüni däl, eýsem onuň tekstini, terjimesini we ýükläp almagyň ýollaryny hem gözleýär.

Aýdymy emeli aň arkaly August Septemberov lakamy bilen tanalýan ulanyjy döretdi. Ol Kanýe Westiň emeli usul bilen döredilen sesini onuň Los-Anjelesdäki konsertiniň wideosynyň üstüne goýdy. Bu wideo internetde çalt ýaýrap, Instagram we TikTok platformalarynda millionlarça gezek tomaşa edildi.

Awtoryň aýtmagyna görä, emeli aň aýdymlaryny döretmek uly zähmeti talap edýär: «Şowsuz çykan köp sanly netijeleriň üstünde täzeden işlemeli, düzedişleri girizmeli. Bu işler terjime, kawer we wideo tapgyrlarynda amala aşyrylýar» – diýip, ol belledi.

Soňra Septemberov bu aýdymyň «Ласковый май» toparynyň öňki prodýuseri Andreý Razin tarapyndan awtorlyk hukuklaryny görkezmezden striming hyzmatlaryna ýerleşdirilendigini mälim etdi. Ol ýerde ýerine ýetiriji hökmünde Tender May we Bad Style görkezilipdir.

«Olar ýöne aýdymy ýükläp alyp, özleriniňki ýaly görkezdiler. Awtorlarynyň adyny hem ýazmandyrlar, pul barada-ha gürrüň hem ýok» – diýip, Septemberov sözüniň üstüne goşdy.

Raziniň özi bolsa Instagram sahypasynda «Silver Night» aýdymynyň arkasynda özüniň durandygyny öňe sürýär.

«Mundan 40 ýyl ozal söz berşim ýaly, “Ласковый май” bütin dünýäni aýlanar. Ine, bu gün biziň sesimiziň bütin dünýäde eşidilýändigini aýtmak isleýärin. “Седая ночь” aýdymynyň Bad Style we Tender May tarapyndan iňlis dilinde ýerine ýetirilen täze “Silver Night” wersiýasyny bütin dünýä söýdi» – diýip, prodýuser ýazýar.

August Septemberov sowet we rus hitlerini emeli aňyň hem-de häzirkizaman Günbatar ýyldyzlarynyň sesleriniň kömegi bilen ilkinji gezek täzeden döredenok. Mundan ozal ol Billi Aýlişiň stilinde «Прекрасное далеко» we «Крылатые качели» aýdymlarynyň emeli aň kawerlerini hödürledi. Onuň beýleki işleriniň arasynda Eminemiň sesi bilen «Моя игра» (Basta) we Stromae-niň wersiýasynda «Миллион алых роз» aýdymlary hem bar.


düýn 21:09
611

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

19.06.2026 19:18
3.6k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.2k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......