Mask içinde Grok emeli aň oturdylan we doly şifrlemeli XChat messenjerini işe girizdi

  • 26.04.2026 18:12
  • 1.9k+

Ilon Mask ýokary derejeli gizlinlige we Grok emeli aňa esaslanýan täze XChat messenjerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Birnäçe gezek yza süýşürilenden soň, programma ahyrsoňy App Store-yň daşary ýurtdaky ulanyjylaryna elýeterli boldy.

Häzirki tapgyrda hyzmat diňe iPhone-larda işleýär. Android üçin niýetlenen wersiýasy bolsa heniz işlenip düzülýär.

XChat-yň esasy aýratynlygy maglumatlaryň howpsuzlygyna berilýän uly üns. Işläp düzüjiler doly derejeli şifrlemäniň ulanylýandygyny, munuň bolsa X platformasynyň ulanyjylaryň hatlaryna we faýllaryna girmegini doly aradan aýyrýandygyny mälim edýärler.

Programmanyň funksionallygy skrinşotlary almagyň öňüni almagy, gizlin çatlary döretmegi we bäş minutdan soň öz-özünden öçýän hatlary ibermek mümkinçiligini öz içine alýar. Mundan başga-da, ulanyjylar öz hatlaryny hiç hili çäklendirmesiz hemme gatnaşyjylardan öçürip bilýärler.

Messenjere xAI kompaniýasynyň Grok emeli aň kömekçisi hem ornaşdyryldy. Ol göni hat alyşmalaryň içinde maglumatlaryň hakykatdygyny barlamaga we dürli mazmunlar bilen işlemäge kömek edýär.

Hyzmat sesli we wideogepleşikler, dürli formatdaky faýllary ibermek hem-de 500 adama çenli toparlaýyn çatlary döretmek ýaly adaty funksiýalary hem goldaýar.

Ulgama hasaba durmaklyk X sosial ulgamyndaky bar bolan hasabyň üsti bilen amala aşyrylýar, bu bolsa telefon belgisini birikdirmek zerurlygyny aradan aýyrýar. Programmada mahabat düýbünden ýokdur.

Aslynda messenjeri 17-nji aprelde işe girizmek meýilleşdirilipdi, emma tehniki kämilleşdirmeler we App Store-a çykarmak bilen bagly kynçylyklar sebäpli, işe girizmeklik bir hepde yza süýşürildi.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......