Emeli aňdan gadymy senetçilige çenli: ÝB medeni miras boýunça baýragyň eýelerini kesgitledi

  • 24.04.2026 15:16
  • 2.3k+

«Europa Nostra» guramasynyň Ýewropa Komissiýasy bilen bilelikde guraýan «Ýewropa mirasy 2026» abraýly baýragyna 18 ýurtdan 30 töweregi taslama mynasyp boldy.

​Taslamalar bäş ugur boýunça bäsleşdiler. Olar taryhy desgalary gorap saklamakdan we olary täze maksatlar üçin ulanmakdan başlap, ylmy barlaglara, bilim we medeniýet barada jemgyýetiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga çenli giň gerimi öz içine aldy.

​ — Emeli aň arkaly töwekgelçilikleriň öňüni almagyň täsin usullaryndan başlap, däp bolan gurluşyk tejribelerini amaly öwretmäge çenli niýetlenilen taslamalar medeni mirasyň diňe bir geçmiş däl, eýsem, ösüşiň janly güýji bolup durýandygyny görkezýär—diýip, Ýewropa Komissiýasynyň medeniýet, ýaşlar we sport boýunça komissary Glenn Mikallef belledi.

​Öz gezeginde «Europa Nostra» guramasynyň prezidenti Çeçiliýa Bartoli dünýädäki global dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda umumy gymmatlyklary goramagyň has-da möhüm ähmiýete eýedigini nygtady.

​Bu ýylky ýeňijileriň arasynda Italiýanyň Bolonýa şäherindäki ozalky duralgany sungat merkezine öwren «DumBO» taslamasy we Kipriň iň soňky sazandalarynyň durmuşyny resminamalaşdyran «Cypriot Fiddler» taslamasy aýratyn bellenildi. Şeýle-de, Çernogoriýada dobrota

torunyň (kružewa) sungatyny dikelden «Pacijenca» taslamasy, Fransiýa bilen Belgiýada Birinji jahan urşunyň front çyzygynda jemgyýetçilik ýerlerini döreden «Parahatçylyk baglary» taslamasy ýeňiji boldy. Mundan başga-da, Maltanyň Milli gaznasy 1965-nji ýyldan bäri adanyň taryhy mirasyny gorap saklandygy üçin baýraga mynasyp görüldi.

​Ýeňijileri sylaglamak dabarasy 28-nji maýda Nikosiýada geçiriler. 12-nji maýa çenli «2026-njy ýylyň jemgyýetçilik saýlawy» baýragynyň eýesi üçin onlaýn ses berilişik dowam edýär.


düýn 07:48
1.6k+

ÝB smartfon öndürijileriň önümleriniň hyzmat möhletini görkezmeklerini isleýär

Ýewropa komissiýasy smartfon we beýleki elektronika öndürijilerini önümleriň belliklerinde olaryň çaklanan hyzmat möhletini we bejerimäge degişlidigini görkezmäge borçly etmegi teklip etdi. Bu başlangyç satyn......

25.06.2026 10:21
4.3k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......