Bloomberg: Apple suratlary redaktirlemek üçin täze emeli aň funksiýalaryny taýýarlaýar

  • 29.04.2026 23:03
  • 1.2k+

Apple kompaniýasy iPhone, iPad we Mac enjamlary üçin emeli aň arkaly täze surat redaktirleýiş funksiýalaryny ornaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg çeşmelerine salgylanyp habar berýär. 

Olaryň berýän maglumatlaryna görä, içki emeli aň modellerini ulanyp, suratlary işläp çykarmak birnäçe sekunt wagt alar. Täze gurallary üstümizdäki ýylyň güýzünde tanyşdyrmak meýilleşdirilýär we olaryň iOS 27-de Apple Intelligence platformasynyň bir bölegi bolmagyna garaşylýar.

Apple enjamlaryny ulanyjylar häzirki wagtda süzgüçleri ulanyp, suratlary kesip, suratlardan obýektleri aýyrmakda emeli aňdan peýdalanýan "Arassalamak" funksiýasyny ulanyp bilerler. Ulgamyň täze wersiýasynda "Giňeltmek", "Gowulandyrmak" we "Kadry üýtgetmek" ýaly Apple Intelligence gurally  ýörite bölüm bolar.

Şeýle-de bolsa, täze mümkinçilikleri işläp düzmekde kynçylyklar ýok däl. Bilermenleriň sözlerine görä, käbir gurallar içerki synaglar wagtynda ýaramaz netije görkezdi. Mundan başga-da, ulanyjylar öň Apple-iň ilkinji emeli aň guralyny onuň durnuksyz netijeleri üçin tankyt edipdiler.

Bloomberg kompaniýanyň bäsdeşleriniň yzyndan ýetmäge çalyşýandygyny belleýär. Google birnäçe ýyl bäri Pixel enjamlarynda şuňa meňzeş funksiýalary hödürleýär we Samsung Galaxy smartfonlarynda emeli aň redaktirlemesini işjeň ornaşdyrýar.
 


12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

10.06.2026 11:10
804

OpenAI emeli aňyň ykdysadyýete ýetirýän täsirini öwrenmek üçin täze taslamany işe girizdi

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň kompaniýalara, işgärlere, döwlet edaralaryna we umuman, ykdysadyýete ýetirýän täsirleri baradaky garaşsyz ylmy-gözlegleri goldamak maksady bilen, «Economic Research Exchange» atly......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

09.06.2026 15:01
1.7k+

2024-nji ýyldan bäri garaşylypdy: Siri ahyry doly derejeli EA kömekçisine öwrüldi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan sesli kömekçisiniň täze görnüşi bolan Siri AI taslamasyny resmi taýdan tanyşdyrdy. Bu täzelik ilkinji gezek 2024-nji......