Britaniýanyň Lloyds banky direktorlar geňeşine emeli aň botuny goşdy

  • 13.04.2026 20:38
  • 1.8k+

Britaniýanyň iň uly banklaryndan biri bolan Lloyds Banking Group dünýäde ilkinji bolup, dolandyryş ulgamyna emeli aň (EA) kömekçisini girizdi. The Sunday Times neşiriniň habar bermegine görä, bu ädim EA-nyň strategik kararlar kabul edilýän iň ýokary basgançakda ulanylyp başlanandygyny aňladýar.

EA botuň esasy wezipeleriniň biri adalatlylyk bolup, ol karar kabul edilende adamyň şahsy garaýyşlarynyň täsirini azaltmaga kömek edýär, şeýle-de kiberhowpsuzlyk babatda maslahatlary berýär we ýapyk maglumatlary derňeýär.

«Board Intelligence» kompaniýasy tarapyndan döredilen bu bot örän ýokary goraglylyk derejesine eýe bolup, gizlin maglumatlaryň daşary çykmazlygyny-da birkemsiz üpjün edýär.

Häzirki wagtda bot esasan mejlisleriň taýýarlyk tapgyrynda ulanylýar. Geljekde onuň gepleşiklere we çekişmelere doly gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Ýöne şeýle ygtybarly taraplarynyň bardygyna seretmezden, döredijiler EA-a ses bermek hukugynyň berilmegini «howply ädim» hasaplaýarlar.

Lloyds müşderileriniň sany boýunça Beýik Britaniýada ikinji orunda durýan bankdyr.

Bankyň hasaplamalaryna görä, 2025-nji ýylda EA gurallary 50 million funt-sterling möçberinde goşmaça bähbit getirdi. 2026-njy ýylyň ahyryna çenli bolsa bu görkezijini iki esse artdyrmak meýilleşdirilýär.

Bank IBM (International Business Machines Corporation) bilen bilelikde 9 aýlyk synagy tamamlady we ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek üçin kwant tehnologiýalaryny EA bilen utgaşykly ulanmagy göz öňünde tutýar.


düýn 18:51
3k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.6k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
2.1k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.4k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....