Emeli aň az öwrenilen dillerde has gowy işläp başlady

  • 27.04.2026 11:38
  • 2.6k+

Häzirki zaman emeli aň modelleri seýrek duş gelýän we az öwrenilen diller bilen işlemegi ep-esli gowulandyrdylar. Bu barada TechRadar neşiri RWS kompaniýasynyň geçiren barlagyna salgylanyp habar berýär.

​Habarda täze ulgamlaryň çäkli möçberdäki okuw maglumatlary bilen hem ýokary hilli netije görkezip bilýändigi bellenilýär. Mysal üçin, Google Gemini Pro modeli Ruandada, Ugandada we Kongo Demokratik Respublikasynda ýaýran kinýaruanda dili bilen işlän wagty 5 baldan 4,5-den ýokary baha aldy.

​Bilermenler bu öňegidişligi dilleriň arasyndaky umumy kanunalaýyklyklaryň ulanylmagy bilen düşündirýärler. Şeýle hem munda, teksti gaýtadan işlemek üçin böleklere bölmek işi bolan tokenizasiýadaky öňegidişlikler hem möhüm rol oýnaýar.

​Barlagyň barşynda ölçeg süýşme ýagdaýy hem ýüze çykaryldy. Bu, modelleriň täze görnüşleriniň käbir ugurlarda öňkülerinden has pes ýa-da ýokary netije görkezip bilýändigini aňladýar. Mysal üçin, OpenAI modelleriniň iň soňky nusgasynyň tekst öndürmekde has öňki nusgadan yza galan halatlary boldy.

​Hünärmenler öndürijileriň köpdillilige has köp üns berýändigini nygtaýarlar. Şol bir wagtyň özünde, ýokary bahanyň hemişe dil bilmek derejesine doly jogap bermeýändigi we seýrek dilleri goldamagyň entek ähli ulgamlar üçin ileri tutulýan ugur däldigi hem ünsden düşürilenok.

 


şu gün 10:51
256

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......