Akylly ädim: Tubi hemmeden öňürti ChatGPT-niň içine girdi

  • 15.04.2026 22:07
  • 1.9k+

Fox korporasiýasyna degişli bolan Tubi striming platformasy ChatGPT-niň içinde öz goşundysyny (app) işe girizdi. Şeýlelik bilen, Tubi öz hyzmatlaryny göni çat-botuň içine ornaşdyran ilkinji iri wideo platforma boldy diýip, Habr neşiri habar berýär.

Täze mümkinçilikden peýdalanyp, ulanyjylar ChatGPT-niň goşundylar katalogyndan Tubi arkaly adaty gepleşik dilinde film we serial gözläp bilerler. Munuň üçin göni çatda: «Maňa agşam görer ýaly, @Tubi arkaly detektiw žanrynda gyzykly bir film tapyp ber» diýen ýaly haýyş bilen ýüzlenmek ýeterlik.

Netflix ýa-da Amazon Prime Video ýaly bäsdeşler emeli aňy öz platformalarynyň içinde ösdürýän bolsalar, Tubi başga ýol saýlady. Olar hyzmaty ulanyjynyň eýýäm bar bolan we maglumat gözleýän ýerine–ChatGPT-niň içine getirdiler. Bu mümkinçilik OpenAI kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň oktýabrynda öz ekosistemasyny daşarky döredijiler üçin açmagy netijesinde döredi. Tubi mundan ozal hem öz goşundysynda «Rabbit AI» funksiýasyny synagdan geçiripdi, ýöne soňra ondan ýüz öwürdi.

Häzirki bu ädim global tendensiýanyň başlangyjydyr. Şonuň üçin, gör-de duruber, wideo serwisler bahym tomaşaçynyň iýmit saýlama meslesini ýeňilleşdirmek üçinem emeli aň ulgamlarynyň içindäki orun ugrunda bäsleşip başlarlar.


03.06.2026 23:06
846

OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi....

02.06.2026 07:43
1.3k+

YouTube emeli aň tarapyndan döredilen wideolary awtomatiki usulda belgiläp başlar

YouTube platformanyň syýasatyndaky üýtgeşmeler barada yglan etdi we emeli aň (EA) arkaly döredilen wideolary bellemek ulgamyny ornaşdyryp başlady....

27.05.2026 14:38
1.8k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......

24.05.2026 07:37
2.7k+

Barlag: Emeli aň sebäpli işgärleriň sanynyň azaldylmagy garaşylýan netijäni bermeýär

Emeli aň ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalar tehnologiýanyň hakyky peýda getirip-getirmejegine garamazdan, işgärlerini köplenç azaltmak bilen bolýarlar. Ýyllyk girdejisi 1 milliard dollardan geçýän......