Emeli aň ulgamyny ornaşdyrýan kompaniýalar tehnologiýanyň hakyky peýda getirip-getirmejegine garamazdan, işgärlerini köplenç azaltmak bilen bolýarlar. Ýyllyk girdejisi 1 milliard dollardan geçýän kompaniýalaryň 350 ýolbaşçysynyň arasynda geçirilen pikirsoraşmadan soň, Gartner ylmy-barlag we maslahat beriş firmasy tarapyndan şeýle netijä gelindi.
Emeli aňy ýa-da awtonom tehnologiýalary synagdan geçirýän kompaniýalaryň 80 göterimi işgärleriniň sanyny azaldýandyklaryny habar berdi. Bu işden çykarylmalar, hatda ulgamlaryň ornaşdyrylmagy görkezijileri gowulandyrmadyk ýa-da, tersine, ýaramazlaşdyran ýagdaýlarynda hem geçirilipdir.
Gartner kompaniýasynyň wise-prezidenti we seljerijisi Helen Puatweniň belleýşi ýaly, kompaniýalar işgärleriniň sanynyň azaldylmagyny tehnologiýany ornaşdyrmagyň esasy peýdasy hökmünde görýän bolsalar, çäkli peýda alýarlar. Onuň sözlerine görä, emeli aňy işgärleriň ornuny tutmak üçin däl-de, olaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin ulanan guramalar iň gowy netijeleri gazananypdyr.
Gartner kompaniýasynyň geçiren başga bir barlagyna görä, ýolbaşçylaryň üçden bir bölegi emeli aňyň adamlara karar kabul etmekde kömek etmegine garaşýar. Ýolbaşçylaryň beýleki 27%-i bolsa tehnologiýanyň adam gatyşmasa-da, ýa-da kem-käs gatyşmagy bilen karar kabul edip biljekdigine ynanýar.
2025-nji ýylda kompaniýalar, şol sanda Kremniý jülgesindäki kompaniýalar, işgärleriň işden çykarylmagyny emeli aňyň ornaşdyrylmagy bilen işjeň düşündirdiler. Challenger, Gray & Christmas-yň maglumatlaryna görä, awtomatlaşdyrma 2026-njy ýylyň mart we aprel aýlarynda işgärleriň işden çykarylmagynyň esasy sebäbi boldy. Ýylyň dowamynda 49 135 adam şu bahana bilen işini ýitirdi - bu 2025-nji ýylyň tutuş dowamynda işden çykarylan adamlaryň sanyna deň diýen ýaly.
Bilermenler käbir kompaniýalaryň emeli aň infrastrukturasyny ösdürmäge serişdeleri gaýtadan bölmek üçin işgärlerini azaltýandygyny belleýärler. Şeýle-de bolsa, Gartner munuň heniz zähmet bazarynyň giň düzümde täzeden gurulmagyny aňlatmaýandygyny belleýär.