«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

  • 27.05.2026 14:38
  • 1.8k+

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri bolup galýar. Munuň şeýledigini «Eurostat-yň» hasabatyndaky maglumatlardan hem bilmek mümkin.

Bu ýagdaý Ýewropa Bileleşiginde emeli aňy önümçilige girizmegi höweslendirmek we bu ugurdaky düzgünleri ýenilleşdirmek baradaky maslahatlaryň geçirilýän wagtynda ýüze çykaryldy.

Işgärleriniň sany 50-den 249-a çenli bolan orta telekeçiligiň 10,51%-i bu sebäbi tehniki ukyplaryň ýetmezçiligi bilen bagladylar. Bu görkeziji işgär sany 250-den geçýän iri kompaniýalarda 10,32%-e ýetdi.

Orta kompaniýalaryň 7,95%-i, iri kärhanalaryň bolsa 9,31%-i maglumatlaryň gizlinligini goramak üçin emeli aňy ulanmakdan ýaýdanýar.

Orta telekeçiligiň 7,51%-i hem-de iri kärhanalaryň 8,12%-i emeli aňy ulanmagyň geljekki kanuny netijeleriniň düşnüksizdigini mälim etdi.

Şeýle-de orta derejeli biznesiň 5,67%-i, iri kompaniýalaryň bolsa 5,51%-i bolsa bu usulyň ýokary harajatlary zerarly gymmat düşýändigini esasy sebäp edindiler.

Mundan başga-da kompaniýalar emeli aň programmalarynyň özleriniň bar bolan köne ulgamlaryna gabat gelmeýändigini we zerur bolan maglumatlar gorunyň ýeterlik däldigini bellediler.

Emma muňa garamazdan, kärhanalaryň agramly bölegi emeli aňyň geljegine we güýjüne ynanýar. Orta telekeçiligiň diňe 2,09%-i we iri kärhanalaryň bary-ýogy 1,55%-i emeli aňy öz biznesine peýdasyz hasaplaýar.

Barlagyň netijelerine görä, işgärleriň tehniki taýdan başarnyksyzlygy we tejribesizligi baradaky iň uly aladalar we görkezijiler Daniýada, Germaniýada we Finlýandiýada hasaba alyndy.


15.06.2026 15:53
1.1k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......

14.06.2026 11:23
3.7k+

Nothing-iň ýolbaşçysy smartfonlaryň gitdigiçe gymmatlajakdygyny aýtdy

Nothing tehnologiýa kompaniýasynyň baş direktory Karl Peý X sosial ulgamynda häzirki zaman smartfonlarynyň bahasynyň yzygiderli ýokarlanjakdygy hakda ýazgy paýlaşdy. Ol beýle ýagdaýyň esasy sebäbini ýat......

13.06.2026 12:35
2.3k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

13.06.2026 08:32
3.5k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......