OpenAI-den öňürtdi: Anthropic paýnamalaryny biržada ýerleşdirmek üçin arza berdi

  • 03.06.2026 23:06
  • 1k+

Claude emeli aň modelini işläp düzüji Anthropic amerikan kompaniýasy paýnamalaryny ilkinji gezek köpçülige hödürlemek (IPO) boýunça resmi arza ýollady. Bu barada kompaniýanyň özi habar berdi.

Paýnamalary ýerleşdirmegiň anyk möhletleri we şertleri häzirlikçe mälim edilmedi. Anthropic tarapyndan berlen beýanata görä, bu çözgüt «bazaryň ýagdaýyna we başga-da birnäçe şertlere» bagly bolar. «The New York Times» neşiriniň maglumatyna görä, kompaniýanyň birža çykmagy eýýäm şu ýylyň güýzünde bolup biler.

Bu arzanyň tabşyrylmagy Anthropic kompaniýasyna özüniň iň esasy bäsdeşleriniň biri bolan we şeýle hem IPO geçirmegi meýilleşdirýän OpenAI kompaniýasyndan öňürtmäge mümkinçilik berýär. «NBC News» telekanalynyň baha bermegine görä, birža ilkinji bolup çykan kompaniýa täze maýa goýumlary çekmekde goşmaça artykmaçlyklara eýe bolup biler.

Anthropic bäş ýyl mundan ozal OpenAI kompaniýasynyň öňki işgärleri tarapyndan Dario Amodeiniň ýolbaşçylygynda esaslandyryldy. Soňky wagtlarda kompaniýa programmalaşdyrmak üçin niýetlenen Claude Code guralyny işjeň ösdürýär. Kompaniýanyň girdejisi tas bäş esse ýokarlandy — 10 milliard dollardan 47 milliard dollara çenli, onuň umumy bahasy bolsa OpenAI kompaniýasynyň 852 milliard dollarlyk bahasyny yzda galdyryp, 965 milliard dollara ýetdi.

Şeýle-de, häzirki wagtda bahasy bir trillion dollardan geçýän SpaceX kompaniýasynyň hem IPO geçirmegine garaşylýar. Anthropic, OpenAI we SpaceX kompaniýalarynyň birža çykmagy dünýäniň maliýe bazaryndaky iň iri wakalaryň biri bolup biler.


21.06.2026 16:10
3.7k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......