OpenAI täze kiberhowpsuzlyga niýetlenen «GPT-5.4-Cyber» modelini tanyşdyrdy

  • 16.04.2026 23:19
  • 2.3k+

OpenAI kompaniýasy kiberhowpsuzlyk pudagynda ulanmak üçin niýetlenen täze emeli aň modelini — «GPT-5.4-Cyber-y» hödürledi. Bu model ýakyn aýlarda çykaryljak has güýçli çözgütlere taýýarlyk görmäge we kiberhowplar bilen işleşmäge ýöriteleşdirilendir.

​Täze modeliň esasy aýratynlygy — onuň hemmeler üçin elýeterli däldigidir. «GPT-5.4-Cyber» ulgamyna diňe kiberhowpsuzlyk ugrundan ýokary hünär derejesini tassyklap bilen ulanyjylar girip bilerler. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu model adaty nusgalardan has giň mümkinçiliklere we az çäklendirmelere eýe bolup, örän çylşyrymly gorag wezipelerini ýerine ýetirmäge ukyplydyr.

​Artykmaç taraplary hökmünde ulgamyň programmalaryň başlangyç koduna zerurlyk duýmazdan, eýýäm taýýar programmalary seljerip bilýändigini, zyýanly programmalary tapmakda, ulgamlaryň gowşak nokatlaryny anyklamakda we olaryň durnuklylygyna baha bermekde uly ýardam berýändigini bellemek bolar.

Bu modeli ulanmak hukugy, ilki bilen, diňe ýörite barlagdan geçen guramalara we barlagçylara berler.

​GPT — bu tekstler, programmalaşdyryş kodlary we maglumatlar bilen işlemegi başarýan neýroulgamlar maşgalasydyr. Ol meşhur «ChatGPT» ýaly çat-botlaryň esasy binýady bolup hyzmat edýär. Täze kiber-modeliň döredilmegi bolsa, emeli aňyň diňe bir kömekçi däl, eýsem, güýçli gorag guralyna öwrülýändigini subut edýär.


21.06.2026 16:10
3.4k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

19.06.2026 18:36
1k+

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....

18.06.2026 22:43
1.3k+

DeepSeek Hytaýyň iň gymmat emeli aň startapyna öwrüldi

Hytaýyň DeepSeek startapy maliýeleşdirmegiň birinji tapgyryny tamamlap, 50 milliard ýuandan (takmynan 7,4 milliard dollar) gowrak serişde çekdi we bazarda 50 milliard dollardan ýokary bahany aldy....

15.06.2026 15:53
1.2k+

Britaniýalylar EA derman serişdelerini döretmäge kömek etjek trillion genli «kartany» taýýarlaýarlar

Britaniýanyň Basecamp Research kompaniýasy «Trillion Gene Atlas» atly täze taslama badalga berlendigini mälim etdi. Bu taslama mundan ozal hiç hili öwrenilmän galan 100 milliondan gowrak dürli görnüşli......