Samsung-yň eýeleri $8 mlrd möçberinde miras salgydyny töledi. Bu ýurt üçin rekord

  • 06.05.2026 19:44
  • 4.6k+

2020-nji ýylda aradan çykan Samsung korporasiýasynyň ýolbaşçysy Li Gon Hiniň maşgalasy Günorta Koreýa üçin rekord mukdar bolan 12 trillion wona (8 milliard dollar) möçberindäki miras salgydyny dolulygyna töläp gutardy. Bu barada «The Korea Herald» neşiri habar berýär.

Ýurduň iň iri tehnologiýa korporasiýasyny dolandyrýan maşgala bäş ýylyň dowamynda tölegleri alty tapgyrda amala aşyrdy. Salgydy tölemek üçin kompaniýanyň häzirki ýolbaşçysy Li Çže Ýonuň ejesi Hon Ra Hi Samsung-da özüne degişli paýnamalaryň bir bölegini satdy. Liniň maşgalasy bolsa salgyt ýüküni azaltmak üçin lukmançylyk edaralaryna ýüzlerçe million dollar haýyr-sahawat etdi we öz kolleksiýasyndan 23 müňden gowrak sungat eserini döwletiň haýryna berdi.

Emeli aň üçin ýat mikroshemalaryna bolan islegiň artmagy netijesinde kompaniýanyň bazar bahasynyň ep-esli ýokarlanmagy salgyt ýüküni esasy aktiwleriň uly satuwyny amala aşyrmazdan tölemäge mümkinçilik berdi.

Bellenilişi ýaly, Li Gon Hi aradan çykan wagty Günorta Koreýanyň iň baý adamydy we onuň baýlygy 23 trillion wona diýlip hasaplanýardy. Bu şol wagtky nyrh bilen 21 milliard dollara deň. Ýurduň kanunlaryna görä, şeýle uly miras üçin salgyt, takmynan, 60%-e barabar.

Tölenen salgyt mukdary 2024-nji ýylda ýurt boýunça ýygnalan ähli miras salgytlarynyň, takmynan, ýarysyna deň boldy.


17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

31.05.2026 18:06
2.2k+

NYT: Anthropic dünýäniň iň gymmat emeli aň startapy boldy

Anthropic kompaniýasy bazar bahasy boýunça özüniň iň esasy bäsdeşi bolan OpenAI kompaniýasyny yzda galdyryp, dünýäniň emeli aň maksatly iň gymmat startapyna öwrüldi. Bu barada Amerikanyň meşhur The New York......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....