16k+

Türkmen alymlary Derweze gaz krateriniň alawlamasyny peseltmegi başardylar

Garagum sährasyndaky Derweze gaz krateriniň ýanmagynyň depgini üç esse azaldy. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa habar berdi. "Krateriň tertipsiz ýanmagynyň ýygjamlygy 2023-nji ýylyň awgust aýy bilen deňeşdirilende üç esseden gowrak azaldy...

7.4k+

Arktikada gadymy guşlaryň höwürtgeländiginiň ilkinji subutnamasy tapyldy

Amerikaly we kanadaly paleontologlar Alýaskanyň demirgazygynda Giçki hek döwrüniň guşlarynyň süňkleriniň böleklerini tapdylar. Olaryň içinde uly guşlara degişlisi-de, jüýje guşlara degişlisi-de bar. Bu guşlaryň polýar tegeleginiň daşynda, takmynan, 73 million ýyl ozal höwürtgeläp başlandyklary baradaky ilkinji subutnamasy boldy, bu bolsa öň pikir edilişinden 30 million ýyl öň boldugydyr...

4.3k+

Siriýada 4500 ýyllyk gadymy çaga oýnawaçlary tapyldy

Daniýanyň Milli muzeýinden arheologlar 1930-njy ýyllarda Siriýanyň Hama şäherinden tapylan käbir keramika bölekleriniň, aslynda, çagalaryň şaňňyrdy oýnawaçlary bolandygyny ýüze çykardy. 4500 ýyl ozal bäbekler bu şakyrdawuklar bilen oýnapdyr...

5.8k+

Gwatemalada ýaşy tas 3 müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheriniň harabalygy tapyldy

Arheologlar Gwatemalada ýaşy tas üç müň ýyl bolan gadymy maýýa şäheri Los-Abuelosyň harabalygyny tapdy. Bu barada ýurduň Medeniýet ministrligine salgylanyp, The Guardian habar berýär. Şäher ýurduň demirgazygyndaky El-Peten departamentinde, meşhur binagärlik toplumy Uahaktundan 21 km uzaklykda ýerleşýär...

3.6k+

Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler...

5.9k+

Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi

Psihologlar kofeniň, hakykatdanam, düzüminde kofein bolany üçin gujur beriji häsiýete eýemi ýa dälmi anyklamak üçin synag geçirdiler. Netijeler kofeni içýän adamyň özüni duýşuna bu içginiň diňe bir düzümi täsir etmän, eýsem, ony duýşuň we lezzet bilen içmek däbiniň hem täsir edýändigini görkezdi diýip, Heliyon žurnalynda çap bolan barlagda aýdylýar...

4.5k+

Indoneziýanyň kenaryndaky Ýuwaş ummanynyň düýbünde gadymy dünýäniň yzlary tapyldy

Indoneziýanyň kenarlarynda, Ýawa bilen Madura adalarynyň arasyndaky bogazyň düýbünde suwa giden gadymy jülgäniň yzlary tapyldy. Häzir bu ýerde ummanyň ýalpak ýeri bar diýip, Daily Mail habar berýär. Geologlar Sumatra, Ýawa we Borneo adalarynyň arasyndaky umman düýbüniň birwagtlar gury ýer bolandygyny bireýýäm kesgitläpdi...

8.3k+

Ispaniýada adam barmagynyň iň gadymy yzy tapyldy

Ispan arheologlary San-Lasaro gowagynda (Ispaniýa) adamyň ýüzüni ýada salýan uzyn daş tapdylar. Daşyň edil ortasynda, ähtimal, burny aňladýan gyzyl nokat bar. Geçirilen seljermeler bu nokadyň ohra (gyzylymtyl tebigy mineral boýag) batyrylan barmak bilen goýlandygyny görkezdi...

7.4k+

Alymlar Bethoweniň kelleçanagynyň suraty esasynda onuň ýüzüni gaýtadan dikeltdiler

3D modelirleme boýunça britaniýaly hünärmen Sisero Moraes ilkinji gezek Lýudwig wan Bethoweniň (1770-1827) kelleçanagynyň esasynda onuň daşky keşbini gaýtadan dikeltdi. Onuň aýtmagyna görä, portret “bellibir derejede agras” boldy, kompozitory döwürdeşleri-de hut şeýle suratlandyrypdy diýip, OrtogOnLineMag žurnalyna salgylanyp, Daily Mail ýazýar...

6.4k+

Galp resminamalary syýasyndan kesgitlemäge kömek etjek algoritm döredildi

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň (SPbGU) alymlary germaniýaly we daniýaly kärdeşleri bilen bilelikde maşyn okuwyna esaslanýan syýany derňemegiň algoritmini döretdiler. Bu usul DCA ML diýlip atlandyryldy diýip, uniwersitetiň metbugat gullugyna salgylanýan TASS habar berýär...

3.5k+

Alymlar kebelekleriň howada nädip gaýyp saklanyp bilýändiklerini düşündirdiler

Beýhan uniwersitetiniň alymlary kebelekleriň uçuşyna gözegçilik edip, olaryň howada gülleriň depesinde nädip gaýyp durmagy başarýandyklaryny anykladylar. Bu açyş ýyladyşhanalarda ösümlikleri tozanlandyrmaga we barmasy kyn ýerlere girmäge ukyply mikrodronlary döretmekde gerekli bolup biler diýip, Science Daily habar berýär...

8.3k+

Awstraliýaly alymlar plastik aýnalaryny ulanyp, Gün energiýasyny öndürmegiň çykdajysyny 40% peseltdiler

Awstraliýaly alymlar Gün energiýasynyň öndürilişiniň çykdajysyny 40% azaldyp biljek ýeňil plastik aýnalary işläp taýýarladylar. Ilkibaşda awtoulaglar üçin işlenip düzülen tehnologiýa indi oba hojalygynda we senagatda çykdajylary peseltmäge, şeýle hem uglerod zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berer diýip, «New Atlas» neşiri habar berýär...

7.3k+

Arheologlar Goňurdepäniň Oks siwilizasiýasyndaky möhüm ornuny açyp görkezdi

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary Goňurdepedäki guburlaryň jaýlanyş dessurlary, planigrafiýasy we hronologiýasy boýunça giňişleýin barlag geçirdiler. Alnan netijeler Goňurdepäniň bürünç eýýamynda Merkezi Aziýada gülläp ösen we soňra ýitip giden Oks siwilizasiýasynyň (Baktriýa-Margian arheologik toplumynyň) administratiw hem-de dini merkezi bolandygyny subut etdi...

4.7k+

Awstraliýaly alymlar adamyň gözüne meňzeş kompýuter gözüni döretdi

Awstraliýadaky RMIT (Royal Melbourne Institute of Technology) uniwersitetiniň alymlary adamyň gözi ýaly işleýän elektron gözüň prototipini döretdi. Adamyň gözi we beýnisi her bir kadry dolulygyna işlemeýär: olar herekete tiz reaksiýa bildirip, ilkinji nobatda, obýektleriň konturlaryny görýär we beýnä derrew signal iberýär...