Ýapon alymlary islendik adama dogry geljek emeli gany synagdan geçirýärler

  • 02.06.2025 13:37
  • 3.7k+

Ýaponiýada emeli ganyň kliniki synaglaryna başlamaga taýynlanýarlar. Professor Hiromi Sakainiň ýolbaşçylygyndaky Nara lukmançylyk uniwersitetiniň hünärmenler toparynyň işläp taýýarlamasy, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda we uzak sebitlerde donor ganynyň ýetmezçiliginiň meselesini çözüp biler.

Emeli gan gorag gabygyna ýerleşdirilen möhleti geçen donor ganyndan alnan gemoglobinden döredilýär. Şeýle ganda wirus bolmaýar we toparyny saýlamagy talap etmeýär, bu bolsa öňünden dogry gelýänini-gelmeýänini barlamazdan ulanmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, saklanyş möhleti bir aýdan köp bolmadyk adaty donor ganyndan tapawutlylykda, ony otag temperaturasynda iki ýyla çenli saklap bolýar.
Kliniki synaglara 2025-nji ýylyň mart aýynda başlanar. Oňa 100 millilitrden  400 millilitre çenli emeli gan goýberiljek 16 sany sagdyn meýletinçi gatnaşar. Eger bu tapgyrda ganyň hiç hili zyýanly tarapy tapylmasa, barlag giňeldiler.
Tehnologiýany 2030-njy ýyla çenli lukmançylyk tejribesine ornaşdyrmak isleýärler.
Emeli ganyň işlenip taýýarlanmagy Ýaponiýa üçin has möhümdir, bu ýerde ilatyň garraýandygy we dogluşyň derejesiniň pesdigi sebäpli donor gany ýetmezçilik edýär. Täze tehnologiýa, esasanam, adatdan daşary ýagdaýlarda, şol sanda onkologiki kesellerde, ýol-ulag heläkçiliginde ýa-da başga betbagtçylyklarda ejir çekenler üçin transplantasiýa prosesini ep-esli aňsatlaşdyryp we çaltlaşdyryp biler.


24.06.2026 23:26
2.9k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......

20.06.2026 09:37
2.2k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6.6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....