Hytaýly alymlar iýmitiň ajylygyny “duýup” bilýän emeli dil döretdi

  • 05.11.2025 10:07
  • 3.6k+

Hytaýda alymlar iýmitleriň ajylygyny çalt we takyk ölçemäge ukyply emeli diliň prototipini taýýarladylar. Bu barada Phys.org habar berýär.

Enjam kapsaisini — ajy burçuň, sarymsagyň, zenjebiliň we beýleki ajyly maddalaryň ýakýan tagamyny döredýän birleşmäni — hem-de şol topardaky beýleki maddalary anyklamaga mümkinçilik berýär. Alymlar bu pikirde süýdüň düzümindäki ajylygy peseldiji kazein atly belogyň täsirinden ylham aldylar. Şonuň üçin olar ýagdan arassalanan süýdi elektrohimiki gele goşup, ondan çeýe geçiriji plýonka taýýarladylar.
Emeli dil ajy maddalar bilen aragatnaşyk edeninde plýonkanyň elektrik geçirijiligi üýtgeýär. Hut şu üýtgeşme hem ajylygyň derejesini ölçeýär.
Deslapky synaglaryň netijeleri emeli diliň adamyň tagam reseptorlarynyň duýup bilmeýän derejede gowşak kapsaisin mukdaryndan başlap, güýçli ýakýan derejesine çenli reaksiýa edýärligini görkezdi. Barlagda burçuň sekiz görnüşi we sekiz sany dürli ajy iýmit synagdan geçirildi. Alnan elektrik ölçegleri barlagçylaryň tagam baha beriş derejelerine laýyk geldi.
Barlagyň ýolbaşçysy Weýszýun Deniň sözlerine görä, täze tehnologiýa ajy iýmitleriň tagamyny adam üçin töwekgelçilik döretmezden çalt anyklamakda ulanylyp bilner.

“Bu çeýe emeli dil tagamy bahalandyrmak üçin giň mümkinçilik açýar — ony göçme tagam analizatorlarynda, gumanoid robotlarynda ýa-da tagam duýujy reseptorlary zeperlenen, meselem agewziýa bilen ýüzbe-ýüz bolan hassalarda hem ulanmak mümkin” diýip Den belledi.


08.06.2026 17:00
3.2k+

Innovega kompaniýasy görüjiligi pes adamlar üçin «Gen One» akylly äýnegini hödürledi

Innovega kompaniýasy agramy 70 grama-da ýetmeýän «Gen One» akylly äýnegini hödürledi. Enjam daş-töweregiň şekilini görüjiligi pes adamlaryň aýratynlyklaryna laýyklykda özgertmäge we sazlamaga niýetlenendir....

24.05.2026 06:47
3.5k+

Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi....

23.05.2026 23:40
2.5k+

Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117)......

21.05.2026 12:26
7k+

Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary......