Xiaomi özüniň ilkinji klipsa gulaklyklaryny satuwa çykardy

  • 23.05.2026 23:40
  • 2.5k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bahasy 849 ýuan (takmynan, $124) bolan ilkinji açyk görnüşli klipsa gulaklyklaryny hödürledi. Satuwyň ilkinji günlerinde bu gurluşy arzanladylan bahadan — 799 ýuana (takmynan, $117) satyn almak bolýar.

Täze model adaty gulaklyklar ýaly gulagyň içine salynman, ýörite gysgyç arkaly gulak gabygyna dakylýar. Bu gurluş adaty silikon uçly gulaklyklary ulanmagy halamaýan adamlar, şeýle hem iş wagtynda ýa-da ýolda barýarka daş-töweregindäki sesleri hem eşitmek isleýän ulanyjylar üçin niýetlenendir.

Gulaklygyň hersiniň agramy 5,5 grama barabar. Ony gulakda berkitmek üçin formasyny ýitirmeýän titan sim ulanyldy. Gurluşyň içinde ýokary derejeli audio sesleri geçirmek üçin LHDC 5.0 protokolyny goldaýan 11 millimetrlik dinamiki şöhlelendirijiler ýerleşdirildi.

Sesleriň daşary ýaýramagyny azaltmak üçin Xiaomi kompaniýasy ses tolkunlaryny gönükdirip geçirmek we ters öwürmek tehnologiýasyny ulanýar. Gulaklyk arkaly gürleşilende bolsa, daşarky goh-galmagallary basyp, sesiň arassa gitmegini üpjün etmek üçin üç sany adaty mikrofon we süňk arkaly sesi geçiriji mikrofon ulgamy işleýär.

Gulaklyklar IP57 standarty boýunça suwdan we tozandan goraglydyr. Onuň zarýady 9 sagada çenli, ýörite zarýad gutusy bilen bilelikde ulanylanda bolsa 38 sagada çenli ýetýär.

Bu model HyperOS operasion ulgamy bilen doly utgaşykly işleýär we birnäçe emeli aň funksiýalaryny goldaýar. Olaryň hatarynda XiaoAI ses kömekçisiniň üsti bilen amala aşyrylýan 21 dile hakyky wagtda göni terjime etmek, gepleşigi tekst görnüşine geçirmek we gysgaça mazmunyny taýýarlamak bar.


10.06.2026 11:22
1.8k+

OpenAI hususy bolmagyny bes etmäge taýynlanýar: ol birža çykmak üçin arza berdi

ChatGPT çat-botuny döreden OpenAI kompaniýasy paýnamalaryny biržada ilkinji gezek ýerleşdirmek (IPO) üçin resmi arza tabşyrdy. Kompaniýanyň 9-njy iýunda habar bermegine görä, bu arza gizlin görnüşde berildi we......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......

03.06.2026 10:42
1k+

Nvidia we Unitree ynsanpisint robotlar üçin nusgalyk platformany tanyşdyrdylar

Nvidia we Unitree kompaniýalary ynsanpisint robotlary we olaryň programma üpjünçiligini döredijiler üçin Isaac GR00T diýlip atlandyrylýan nusgalyk platformany tanyşdyrdylar....

27.05.2026 14:38
1.8k+

«Eurostat» ýewropa kompaniýalarynyň näme üçin emeli aňy ulanmaýandyklaryny anyklady

Tehniki başarnyklaryň ýetmezçiligi, maglumatlaryň gizlinligi babatdaky gorkular we hukuk taýdan näbellilikler ýewropa kompaniýalarynyň emeli aň (EA) gurallaryny ulanmakdan ýüz döndermeginiň esasy sebäpleri......