Xiaomi 8000 mA/sag batareýaly Xiaomi 17 Max flagmanyny tanyşdyrdy

  • 24.05.2026 06:47
  • 3.5k+

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda sygymy 8000 mA/sag bolan akkumulýator, Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory we 200 Mp esasy kamera bilen enjamlaşdyrylan Xiaomi 17 Max flagman smartfonynyň tanyşdyrylyşyny geçirdi.

Smartfon 100 Wt kuwwatly simli zarýad beriş ulgamyny, 50 Wt kuwwatly simsiz zarýad berşi we 100 Wt PPS protokolyny goldaýar. Gurluşda Surge P3 çalt zarýad beriş çibi we Surge G2 batareýany dolandyryş kontrolleri ulanylýar.

Xiaomi 17 Max smartfony 2K durulygyndaky, 120 Gs çenli täzelenme ýygylykly we iň ýokary ýagtylygy 3500 kd/m² bolan 6,9 dýuýmlyk OLED displeýine eýe boldy. Ekran üçünji nesil Dragon Crystal Glass aýnasy bilen goralýar.

Smartfonyň özenini LPDDR5X operatiw ýady we UFS 4.1 saklaýjysy bolan Qualcomm Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessory düzýär. Şeýle hem enjamda meýdany 5500 mm² bolan bug kameraly sowadyş ulgamy göz öňünde tutuldy.

Esasy Leica kamerasynda 200 Mp HP9 sensory ulanylýar. Mundan başga-da, smartfon 50 Mp ultra-giňburçly kamera we üç esse optiki zumly 50 Mp periskopik modul bilen enjamlaşdyrylandyr. Öňdäki kameranyň durulygy bolsa 32 Mp barabar.

Smartfon Wi-Fi 7, Bluetooth 5.4, NFC ýaly ulgamlary, ters simsiz zarýad berşi we suwdan-tozandan goranmak boýunça IP69 standartyny goldaýar. Gurluş Android 16 operasiýa ulgamynyň esasyndaky HyperOS 3.0 ulgamynda işleýär.

Xiaomi 17 Max smartfonynyň bahalary:

  • 12/256 Gbaýt — 4299 ýuan (takmynan, $630);
  • 16/256 Gbaýt — 4599 ýuan (takmynan, $675);
  • 12/512 Gbaýt — 4899 ýuan (takmynan, $720);
  • 16/512 Gbaýt — 5299 ýuan (takmynan, $780).

düýn 12:35
1.6k+

iFixit «Trampofonuň» bejerilip bilinme ýagdaýyna 10 baldan 3 bal berdi

iFixit-iň hünärmenleri «Trump Mobile» smartfonuna bejerilme mümkinçiligi boýunça 10 baldan bary-ýogy 3 bal berdiler we bu enjam tutuşlygyna diýen ýaly «HTC U24 Pro» modelini gaýtalaýar diýen netijä geldiler....

düýn 08:32
2.7k+

Ýat mikroshemalarynyň gymmatlamagy sebäpli dünýäde smartfon önümçiligi azaldy

TrendForce analitiki kompaniýasy 2026-njy ýylyň birinji çärýegi üçin dünýäniň smartfon bazarynyň ýagdaýy barada hasabatyny neşir etdi. Onuň maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji üç aýynyň dowamynda dünýäde,......

12.06.2026 23:56
2k+

Emeli aň Abu-Dabide ilkinji gezek dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak operasiýasyny geçirdi

Abu-Dabide robot tehnologiýalaryny we emeli aňyň üsti bilen dyz bogunlaryny bölekleýin çalşyrmak boýunça ilkinji operasiýa ýerine ýetirildi. Emirates News Agency (WAM) agentliginiň habar bermegine görä, bu......

09.06.2026 23:04
2.8k+

Apple täze dizaýn we 200-den gowrak gowulaşdyrma bilen iOS 27 ulgamyny hödürledi

WWDC 2026 maslahatynyň çäklerinde Apple kompaniýasy iOS 27 operasion ulgamyny resmi taýdan görkezdi. Bu ulgamyň iň esasy täzelikleriniň biri emeli aňyň esasyndaky Siri-niň täze görnüşi boldy, ýöne täzelenme......