Siriýada 4500 ýyllyk gadymy çaga oýnawaçlary tapyldy

  • 03.06.2025 21:00
  • 4.4k+

Daniýanyň Milli muzeýinden arheologlar 1930-njy ýyllarda Siriýanyň Hama şäherinden tapylan käbir keramika bölekleriniň, aslynda, çagalaryň şaňňyrdy oýnawaçlary bolandygyny ýüze çykardy. 4500 ýyl ozal bäbekler bu şakyrdawuklar bilen oýnapdyr.

Ilkibaşda bu 19 bölegi keramika gaplaryň tutawaçlary diýip hasaplapdylar.
Hamadan tapylan kolleksiýa häzirki wagta çenli Ýakyn Gündogarda ýüze çykarylanlaryň arasynda iň ulusy boldy.
Haç görnüşli ýa-da çyzykly nagyşlar bilen bezelen şaňňyrdylar adaty ýaşaýjylaryň öýlerinden tapyldy. «Childhood in the Past» žurnalynda çap edilen makala görä, bu oýnawaçlar b.e. öňki 2450-2000-nji ýyllar aralygynda ýasalypdyr. Hamadaky beýleki keramika önümleri ýaly, bu oýnawaçlar hem hekli toýundan taýýarlanypdyr.
Alymlara görä, bu şaňňyrdylary küýzegärler ýasapdyr we olar bazarlarda gap-gaçlar bilen bilelikde satylypdyr. Olaryň kiçijik tutawaçlary çagalaryň ellerine laýyk bolupdyr. Ses olaryň içindäki daşjagazlardan ýa-da toýun bölejiklerinden gelip çykypdyr, bu bolsa olaryň däp-dessur üçin däl-de, çagalar üçin niýetlenendigini görkezýär.

«Bu tapyndy ene-atalaryň geçmişde-de çagalaryny söýendigini we olaryň abadançylygyna, duýujylygyna we hereket taýdan ösüşine, edil biziň şu günki günde edişimiz ýaly alada edendiklerini görkezýär. Belki-de, gadymy ene-atalar hem wagtal-wagtal çagalaryny köşeşdirip, biraz dynç almak isländir» — diýip, Daniýanyň Milli muzeýiniň uly ylmy işgäri we makalanyň awtory Metta Mari Hald aýtdy.
«Hatda, edil häzirki günlerde bolşy ýaly, şol wagtky ene-atalar hem öýlerine gaýdyp gelýän wagty bazarda saklanyp, çagalary üçin sowgat hökmünde şaňňyrdawuklary satyn alypdyr» — diýip, Hald gürrüň berdi.


düýn 13:03
3k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

düýn 11:43
3.2k+

Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi....

01.06.2026 16:53
2.5k+

Alymlar matanyň 44%-iniň heniz köýnekçeler öndürilýän wagtynda ýitýändigini anykladylar

Alymlar standart 110 gramlyk pagtadan köýnekçäniň çig mal görnüşinden başlap, utilizasiýa edilýänçä tutuş ömür siklini yzarladylar. Hasaplamalara görä, şeýle köýnekçäniň birini öndürmek üçin 197 gram pagta......

01.06.2026 00:04
6.3k+

Ahalteke atlarynyň endamy nädip lowurdaýar? Türkmen alymlary muny öwrendi

Türkmen biotehnologlary ahalteke atlarynyň tüýüne mahsus bolan lowurdynyň esasynda ýatan biohimiki mehanizmleri anyklady we oňa barlaghana şertlerinde obýektiw baha bermegiň täze usulyny işläp taýýarlady. Bu......