Gün ulgamynda dokuzynjy planeta göze ildi. Ol Neptunyň aňyrsynda gizlenýär

  • 28.05.2025 20:44
  • 4.3k+

Astronomlar baryp 2006-njy ýylda Plutonyň planetar statusyny karlik derejä çenli peseldýänçä, Gün ulgamynda dokuz sany planeta bar diýlip hasaplanýardy. Indi alymlar astronomiýa boýunça okuw kitaplaryny ýene täzeden ýazmak pikirine geldiler.

Earth.com-yň habar bermegine görä, Taýwan uniwersitetiniň barlagçylary uzakda Koýper guşagynda, Günden 74,85-104,986 milliard km uzaklykda gabarasy Neptundan kiçi bolmadyk äpet bir obýektiň bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Barlag 20 ýyl töweregi aratapawut bilen - 1983 we 2006-njy ýyllarda geçirilen iki sany infragyzyl gözegçilikden alnan maglumatlara esaslanýar. Infragyzyl teleskoplar bardygy çak edilýän planetadan çykýan gowşak ýylpyldyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
Hasaplamalar dogry çyksa, obýekt her 10 – 20 müň ýyldan Günüň töwereginden bir öwrüm edýär. Onuň massasy Ýeriňkiden 7–17 esse köp bolup, temperaturasy –187° C-a ýetip biler. Şeýle häsiýetnama ony Ýer ýa-da Mars ýaly daglyk-daşlyk planeta däl-de, Urana ýa-da Neptuna meňzeş buz ägirdine öwürýär.
Astronomlar jisimleriň hereketinde geň kanunalaýyklyklaryň tapylýan Koýper guşagyny köpden bäri synlaýarlar. Olaryň käbiri beýlekileriň ugruna garşy hereket edýär, bu bolsa ullakan bir zadyň täsiriniň bardygyny görkezip biler.
Barlagçylar asmanyň bu bölegini gaýtadan öwrenmegi meýilleşdirýärler. Eger hereket tassyk bolsa, bu täze planetanyň tapylandygyny we Gün ulgamynyň emele gelşi baradaky pikirleriň täzeden gözden geçirilmegini aňladyp biler.


düýn 10:51
805

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
4k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.7k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

08.06.2026 16:17
2.7k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....