SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletini yza süýşürdi

  • 18.11.2025 17:29
  • 2.5k+

Politico neşiriniň alan resminamalaryna görä, SpaceX adamlary Aýa gondurmagyň möhletiniň azyndan 2028-nji ýylyň ahyryna çenli süýşürilýändigi barada NASA-ny habardar etmegi meýilleşdirýär. Bu Ak tamda göz öňünde tutulandan bir ýyldan gowrak wagt giçdir.

Gijikdirme garaşylmadyk ýagdaý bolmady, çünki taslama uly göwrümi we çylşyrymly konstruksiýasy bilen tapawutlanýan köp gezeklik Starship transport ulgamynyň üstünde has düýpli işlemegi talap edýär. Hatda täzelenen möhlet hem berjaý etmek üçin kyn bolup biler.
Resminamadan 2026-njy ýylyň iýunynda kompaniýanyň Ýere golaý orbitada iki Starship gämisiniň arasynda ýangyç guýmak boýunça tejribe geçirmegi meýilleşdirýändigi gelip çykýar. Bu tapgyr geljekki Aý missiýasynyň esasy tehnologik elementi hökmünde göz öňünde tutulýar.
2027-nji ýylyň iýunynda SpaceX Aýyň üstüne gäminiň ekipažsyz gonuşyny meýilleşdirilýär. Eger bu tapgyr üstünlikli bolsa, kompaniýa astronawtlary gondurmaga taýýarlyk görüp biler. Ol bolsa 2028-nji ýylyň sentýabryndan ir bolmaz.
Meýilleşdirilen iki sene hem 2026-njy ýylda orbitada ýangyç guýma boýunça synagyň nähili geçjekdigine bagly bolar. Aýa uçmak we yzyna gaýtmak üçin gonuş moduly Aýa doly bakly ugramaly.
SpaceX täzelenen möhletleri NASA-nyň dekabrda hödürlejek tertipnamasyna goşmak isleýär. Şondan soň kompaniýa täze iş meýilnamasyny berkitmek üçin agentlik bilen bilelikde şertnama üýtgeşmeleriniň üstünde işlemegi meýilleşdirýär. 


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

30.05.2026 20:46
2.5k+

NASA kosmonawtlaryň Aýda münjek täze rowerlerini görkezdi

NASA kosmos agentligi Aýyň günorta polýusynda gurnaljak geljekki ylmy bazanyň esasy tehniki bölekleriniň täze çyzgylarynyň ýakyndan tanyşdyrylyşyny geçirdi....

30.05.2026 01:11
1.4k+

NASA Aý missiýalary üçin döreden aşa çydamly we arzan materialyny synagdan geçirdi

NASA-nyň Glenn barlag merkezinde Aý tozanynyň meňzeşinden gyzgynlyga çydamly we ykdysady taýdan bähbitli täze bir material işlenip düzüldi. Ol geljekki Aý missiýalarynda kosmonawtlaryň enjamlaryny goramak we......