Synaglar kofeniň gujur berijiliginiň diňe kofein bilen bagly däldigini subut etdi

  • 01.06.2025 19:16
  • 6k+

Psihologlar kofeniň, hakykatdanam, düzüminde kofein bolany üçin gujur beriji häsiýete eýemi ýa dälmi anyklamak üçin synag geçirdiler. Netijeler kofeni içýän adamyň özüni duýşuna bu içginiň diňe bir düzümi täsir etmän, eýsem, ony duýşuň we lezzet bilen içmek däbiniň hem täsir edýändigini görkezdi diýip, Heliyon žurnalynda çap bolan barlagda aýdylýar.

Barypýatan kofesöýerler bildirmän geçirilen goşa plasebo-barlag  synagyna  gatnaşdylar. Olara haýsy içginiň berlendigi aýdylman, ýa klassiki kofe, ýa-da dekaf kofe berildi. Içgileriň birmeňzeş tagamly bolmagy we birmeňzeş görünmegi üçin şol bir kofeinsiz däneler ulanyldy. Soň bolsa diňe bir bölegine kofein tozy goşuldy.
Synaga gatnaşyjylar adaty kofeni içýändiris öýtdüler, soňra bolsa birnäçe synagdan geçdiler. Olaryň gan basyşy we ýürek urgusy ölçenildi, beýnisiniň işjeňligi bellige alyndy hem-de olara ýatdan hasaplamaga we ünse degişli gönükmeler tabşyryldy.
Iki toparda-da kofeiniň bardygyna ýa-da ýoklugyna garamazdan, gan basyşy birneme ýokarlandy we ýürek urgusy peseldi. Içginiň düzümi arifmetiki synagyň netijelerine täsir etmedi. Diňe diňlemek boýunça gönükmede kofeinli kofe içen gatnaşyjylar has gowy kabul edýändiklerini görkezdiler. Barlagçylaryň pikirine görä, bu kofeniň maglumatlary gaýtadan işlemegiň tizligini ýokarlandyryp biljekdigini görkezýär.
Şonuň bilen birlikde, elektroensefalografiýanyň beren maglumatlary has inçe tapawutlary ýüze çykardy. Mysal üçin, üns barlanýan gönükme wagtynda iki toparda hem maglumaty aňly-düşünjeli gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly beýni tolkunynyň patternleri köpeldi. Emma, diňe kofein içen toparyň görkezijileri statistika taýdan ähmiýetli boldy.
Umuman aýdanyňda, kofein beýniniň işjeňligine täsir edýär, ýöne adatça pikir edilişi ýaly, beýle güýçli däl. Kofeine ýanalýan fiziologiki we psihologiki täsirleriň köpüsi aslynda içmek lezzetiniň özi we öz-özüňi ynandyrmak bilen baglanyşykly.


20.06.2026 12:08
7.2k+

Saç dökülmä garşy täze derman synaga gatnaşanlaryň 80%-ine kömek etdi

Adamzada saç dökülmä eltýän köp sebäpler mälim bolsa-da, bu ýagdaýa garşy netijeli serişdeler gynansak-da, örän az. Geçirilen täze kliniki barlaglaryň dowamynda «VDPHL01» diýlip atlandyrylýan gerdejik......

15.06.2026 12:32
5.8k+

Tomsuň jöwzasynda özüňi goramagyň düzgünleri: türkmen lukmanlarynyň maslahatlary

Tomus möwsümi saglyga aýratyn üns berilmegini talap edýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi tomus möwsümini howpsuz geçirmegiň düzgünlerini......

09.06.2026 23:14
7.7k+

Meşhurlaryň halap geýýän köwşi aýaklarda mesele döredip biler

Lukmanlar «baletka» diýlip atlandyrylýan aýakgaplary uzak wagtlap geýmegiň saglyk üçin howpludygyny duýdurýarlar. Olaryň bellemegine görä, şeýle aýakgaplar dowamly agyrylara we aýagyň şekiliniň üýtgemegine......

08.06.2026 07:29
3.3k+

BSGG Afrikada Ebola garşy göreşmek üçin 518 mln dollar gönükdirer

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) we Afrikanyň keselleri gözegçilikde saklamak we öňüni almak merkezleri Afrikada Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagyna garşy göreşmek üçin 518 million dollarlyk alty aýlyk......